Aşgabatda çagalara beden temmisini bermäge garşy kanuny göreşiň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda ilkinji gezek Go Viral festiwaly geçiriler, AŞTU-nyň merkezi binasynda öz-özüňe hyzmat etmek boýunça terminallar ornaşdyryldy

Aşgabatda çagalara beden temmisini bermäge garşy kanuny göreşiň öňdebaryjy tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda ilkinji gezek Go Viral festiwaly geçiriler, AŞTU-nyň merkezi binasynda öz-özüňe hyzmat etmek boýunça terminallar ornaşdyryldy

1.BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar gaznasy tarapyndan guralan tegelek stol duşuşygynda çagalara beden temmisini bermegi gadagan etmek boýunça kanunçylygyň seljermesiniň deslapky netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşuk beden temmisini we çagalara rehimsiz çemeleşmek hereketlerini ýok etmek maksady bilen guraldy. 2. 2-nji iýulda Aşgabatda ilkinji Go Viral 2022 festiwaly geçiriler.

Döwrebap çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň media, işewürlik, medeniýet we tehnologiýa pudaklarynyň muşdaklary hem-de hünärmenleri çagyrylýar. Çärede dürli ulgamlarda täzeçil usullary girizen hünärmenler çykyş ederler.Gatnaşmak üçin resminamalar 27-nji iýuna çenli kabul edilýär. 3.

AŞTU-nyň merkezi binasynda müşderilere aragatnaşyk operatorynyň hödürleýän baý hyzmatlar ulgamyny özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik berýän terminallar ornaşdyryldy.Enjam sensor ekrandan ybarat bolup, onda şahsy otaga girip, dürli amallary ýerine ýetirmek we kassada töleg geçirmek üçin resminamalary taýýarlamak mümkindir. 4.

Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda 28 sany eskalatory abatlamak meýilleşdirilýär. Şonuň bilen baglylykda, 14-nji iýulda şäher häkimligi tarapyndan potratçyny saýlamak boýunça bäsleşik geçiriler.Arzalar 6-njy iýula çenli Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýynda kabul edilýär. 5.

Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän Gadyn gaz käninde bahasy $280 mln amerikan dollaryna deň bolan gaz ýygnaýjy bekedi işe girizildi.Desga CNPC hytaý kompaniýasy tarapyndan gurlup, 38 gektar meýdany eýeleýär we 200 adamy iş bilen üpjün eder.

Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda tebigy gazyň 5,5 million kub metrini ýygnamak we gaýtadan işlemek üpjün edilýär, soňra gaz ýygnaýjy bekedine geçirilýär we Hytaýa iberilýär. 6.Gazagystanyň Pawlodar şäherinde Tährana ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan üstaşyr geçdi.

Kükürt ýüklenen 48 konteýnerli synag otlusy Türkmenistanyň çäginde birnäçe günläp hereket etdi. 7.Baku Halkara howa menzili GDA we Merkezi Aziýa döwletleriniň howa menzilleriniň arasynda iň gowusy hökmünde abraýly Skytrax 2022 World Airport Awards baýragyna eýe boldy. 8. Özbek telewideniýesiniň, şou dünýäsiniň we sportunyň ýyldyzlary Daşkent şäherinde geçirilen aşpezlik festiwalyna gatnaşdylar.

Oňa gatnaşyjylar dürli tagamlary taýýarlaýarlar, şol sanda äpet pissa, lagman we çişlik. Şol bir wagtyň özünde her bir çişiň uzynlygy 4 metr, gril üçin gerek bolan gök önümleriň sany bolsa ýüzlerçä ýetýär. 9.

Türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew Eýranyň Traktor toparyna baş talimçi hökmünde bellenildi.Berdiýew ilkinji gezek bu topary futbol boýunça Eýranyň çempionatynyň 22-nji möwsüme taýýarlar, şeýle-de toparyň ähli ulgamlaýyn düzümlerine gözegçilik eder.

Traktor Eýranyň Kubogyna iki gezek mynasyp bolupdy.Geçen möwsümde eýranly topar Pro ligada 13-nji orny eýeläpdi. 10.Saud Arabystany Özbegistandan üstün çykyp, ýaşlaryň arasynda Aziýanyň Kubogy-2022 çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Final duşuşygy Daşkendiň Milliý stadionynda geçirildi we Saud Arabystanynyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.Iki gol hem oýnuň ikinji ýarymynda geçirilip, olary Ahmad Al-Gamdi we Feras Albrikan öz adyna ýazdyrdylar. Üçünji orun ugrundaky duşuşykda Ýaponiýa Awstraliýadan 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wizalary bermek üçin arzalaryň kabul edişligini gaýtadan ýola goýdy, Türkmenfilm Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşar, iPhone 14 görnüşleri bilen tanyşlyk
Altyn asyryň AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-däki garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanda 1-nji synp okuwçy üçin mekdep harytlarynyň toplumynyň bahasy näçe, Demirgazyk Günorta ulag geçelgesini ösdürmek meseleleri boýunça wekiliýet Aşgabatdan Astrahan oblastyna ugrar, Türkmenistan BMG-syna parahatçylyk hem-de howpsuzlyk boçun
Traktor Gurban Berdiýewiň tälimçiliginde ilkinji utugyny gazandy
Gurban Berdiýewiň ilkinji oýnunyň güni belli boldy
Traktor Berdiýewiň ýolbaşçylygynda ilkinji oýnuny 22-nji awgustda geçirer