11-nji iýulda paýtagtymyzdaky Ýyldyz myhmanhanasynda her ýylyň 11-nji iýulynda bellenilýän halkara baýram Bütindünýä ilat güni mynasybetli 2024-nji ýyl boýunça bütindünýä ilat hasabatynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Dünýädäki häzirki ýagdaýa we häzirki wagtda dürli ýurtlarda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna umumy syn berýän resminama adamzadyň aýratyn üns bermeli esasy ugurlaryny kesgitleýär. Ilkinji nobatda, bu reproduktiw saglyk babatda zenanlaryň hukuklaryna we mümkinçiliklerine degişlidir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň wekilleri Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak, gender deňligini üpjün etmek we adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatynda gazanan üstünliklerini belläp, döredilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge, ilat syýasatyny hem-de ösüş strategiýalaryny işläp düzmekde, kabul etmekde we durmuşa geçirmekde doly goldaw bermäge taýýardyklaryny nygtadylar.
Şeýlelikde, şu günki çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi, bu resminama umumy maksatlara ýetmek üçin taraplaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.