Aşgabatda Bütindünýä ilat güni mynasybetli ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

Aşgabatda Bütindünýä ilat güni mynasybetli ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

Aşgabatdaky Ýyldyz myhmanhanasynda her ýylyň 11-nji iýulynda bellenilýän halkara sene — Bütindünýä ilat güni mynasybetli 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.

BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ýurduň Hökümetiniň bilelikde guramagynda geçirilen çärä Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, beýleki ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, 1990-njy ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä ilat gününiň giňden bellenilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni ilat bilen baglanyşykly meselelere, ählumumy hem-de milli ösüş meýilnamalaryna we maksatnamalaryna, umumy meseleleriň çözgütlerini gözlemäge çekmek nukdaýnazaryndan örän möhümdir. 2024-nji ýylda dünýä ilaty hakynda ählumumy Hasabat hem şu maksatlara gönükdirilendir.

Biri-biri bilen baglanan ykballar, umyt sapaklary: reproduktiw saglyk we hukuk ulgamynda deňsizlikleri aradan aýyrmak diýen ady hem onuň mazmunyny şöhlelendirýär.

Dünýädäki häzirki ýagdaýa we dürli ýurtlarda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna umumy syn berýän resminama adamzadyň aýratyn üns bermeli esasy ugurlaryny kesgitleýär.Ilkinji nobatda, bu reproduktiw saglyk babatda zenanlaryň hukuklaryna we mümkinçiliklerine degişlidir.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl dünýä bileleşigi 1994-nji ýylda Kairde geçirilen Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň 30 ýyllygyny belleýär.Onuň çäklerinde hemmeler üçin has gowy saglygy, hukuklarydyr ygtyýarlyklary üpjün etmäge borçlandyrýan esas goýujy ählumumy ylalaşyga gol çekildi.

Bu ileri tutulýan wezipe agzalan ugurda has möhüm öňegidişlige ýardam berdi we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibine girizildi.

Ilat gaznasynyň wekilleri Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak, gender deňligini üpjün etmek, adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda gazanan üstünliklerine ünsi çekip, hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge, ilat syýasatyny, ösüş strategiýalaryny işläp düzmekde, kabul etmekde we durmuşa geçirmekde doly goldaw bermäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Şeýlelikde, BMG-niň Ilat gaznasy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen ýakyndan baglanyşykly bolan Türkmenistanyň ileri tutulýan ösüş wezipelerini çözmäge gönükdirilen köp sanly bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde uzak möhletleýin hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär.

Dürli maslahat beriş duşuşyklary, okuw sapaklary we maslahatlar yzygiderli guralyp, olar gyzyklanma bildirilýän meseleleriň dürli ugurlary boýunça pikir alyşmak hem-de ýola goýlan netijeli dialogy pugtalandyrmak boýunça täsirli çäreleri işläp düzmek üçin açyk meýdança öwrülýär.

Şu günki çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama umumy maksatlara ýetmek üçin taraplaryň mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi
Türkmenistanda durmuşda kyn ýagdaýlara düşen aýal-gyzlara jemgyýetçilik goldawyny bermek boýunça okuw maslahaty geçirildi
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
2025: Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç komiteti çäreleriň taýýarlygyny maslahatlaşdylar
Türkmenistan we HGHK sebit bölümi 2025-nji ýyl üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanda jemgyýetde ynsanperwerlik we agzybirlik terbiýesini bermek boýunça okuwlar geçirilýär