Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi

Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. 11-nji dekabrda geçirilen bu mejlise topara gatnaşyjy döwletleriň, şol sanda Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

TDH-niň habar berşi ýaly, mejlisiň gün tertibine häzirki döwrüň wehimleriniň öňüni almak maksady bilen, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ösüşiniň häzirki zaman meýillerini hasaba almak bilen, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygyň, ösüşiň, hyzmatdaşlygyň gün tertibini has işjeň ilerledýär, möhüm halkara meseleleriň birnäçesi boýunça netijeli çözgütleri teklip edýär.

Mejlise gatnaşyjylar milli we halkara strategiýalara Bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak arkaly 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini ýerine ýetirmek babatda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek bilen bagly pikirlerini beýan etdiler diýlip, çeşmede habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine işjeň taýýarlyk görýär
Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Ilçisi Döwlet baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy
Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň täze agzalary jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda wezipä bellendi
Gahryman Arkadagymyz Astana sammitinde çykyş etdi
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlary dörediler