Aşgabatda bir ýarym asyra golaý ýaşan daragtlar ösýär

Aşgabatda bir ýarym asyra golaý ýaşan daragtlar ösýär

Aşgabatdaky demir ýol menziliniň golaýynda ýerleşen Demirýolçularyň seýilgähiniň çäginde her biriniň ýaşy 140 ýyldan hem gowrak hasaplanylýan dub we tut agaçlarynyň ösüp oturandygy hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berdi.

Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bolsa baş şäherimizde gojaman daragtlaryň biri hasap edilýän eldar senuberi ösüp otyr.Onuň sütün böleginiň esasynyň radiusy 3 metrden hem gowrakdyr.Ylmy maglumatlara görä, bu täsin agajyň nahaly Zakaspiý oblastynyň tokaý hojalygy departamentiniň müdiri D.Morozow tarapyndan Tbilisiniň Botanika bagyndan 1897-nji ýylda getirilip, türkmen topragynda oturdylypdyr. Ýeri gelende bellesek, senuber agajy ozalky tokaý-tejribe hojalygynyň (stansiýasynyň) çäginde ilkinjileriň hatarynda ekilen nahallaryň arasynda agdyklyk edipdir.

Olaryň gojaman nusgalarynyň birnäçesi häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň garamagyndaky Botanika bagynyň çäklerinde ösüp, baş şäheriň gözelligine gözellik goşýar.

Ylham seýilgähiniň çäginde iki sütünli aýlant hem-de Görogly şaýolunyň ugrunda ýanýodada glýadiçiýa agajynyň ösüp oturandygyny bellemek ýakymlydyr. Alymlar bu gojaman daragtlaryň her biriniň ýaşynyň 110 ýyldan hem gowrakdygyny çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

“... Beýik dagyň etegindäki uly saýaly baglar“
10 ýyldan soň açyldy
Seýil edeliň bu jahana Singapuryň täsinlikleri
Paýtagtyň ýylylyk üpjünçiligi bökdelýär
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy