Aşgabatda Binýat kinofilminiň deslapky tanyşdyryş görkezilişi bolar

Aşgabatda Binýat kinofilminiň deslapky tanyşdyryş görkezilişi bolar

21-nji maýda sagat 19:00-da Aşgabat kinokonsert merkezinde Binýat atly täze kinofilmiň deslapky tanyşdyryş görkezilişi bolar. Filmiň görkezilişine diňe çakylyk esasynda girmek bolýar.

Ýaş türkmen režissýory Annadurdy Täşliýewiň taýýarlan bu ilkinji gezek görkezilýän doly metražly filminde ýaş binagär talyplaryň durmuşy we döredijiligi dogrusynda gürrüň berilýär. Okuwlaryny tamamlanlaryndan soň, ýaş binagärler daşary ýurtlara gidýärler.

Filmiň sýužetine laýyklykda, täze bir giň göwrümli taslamany amala aşyrmak üçin ykbal olary ýene-de öz bilim ojaklarynda — ýokary okuw mekdebinde jemleýär. Ýeke-täk we umumy maksada ýetmegiň ýolunda olara ozalky öýke-kineleri unutmak başardarmyka? Bu meselede söýgi nähili orna eýe bolup durýar? Muny bolsa tomaşaçylar Aşgabat kinokonsert merkezinde görüp bilerler.

Filmiň görkezilişinden öň, tomaşaçylar onuň esasyny düzüjiler we filmiň baş gahrymanlary bilen tanşarlar.

Film 23-nji maýda köpçülikleýin görkezilip başlar. Oňa sagat 17:00-da hem-de 19:00-da Aşgabat kinokonsert merkezinde tomaşa edip boljakdygyny ýatladýarys. Filmi görmek isleýänler filmiň peteklerini kinokonsert merkeziniň kassalaryndan alyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Binýat atly täze film tomaşaçylara görkeziler
Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günleri geçiriler, Türkmenistan 2024-nji ýylyň aprelinde Parižde maýa goýum forumyny geçirer, Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabatda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy we beýleki habarl
Medeniýet hepdeliginde täze türkmen kinolary görkeziler
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
“Türkmenfilm” dekabr aýyndaky film täzeliklerini tanyş etdi
Binýat: Duýgymyz üçin dymmaly filmiň ilkinji görkezilişi boldy