Aşgabatda bilim resmileri sadakalary “metjitlere däl-de, mekdeplere bermegi ündeýär”

Aşgabatda bilim resmileri sadakalary “metjitlere däl-de, mekdeplere bermegi ündeýär”

Şu günler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Aşgabadyň orta mekdeplerine aýlanyp, okuwçylardan we mugallymlardan hüşür-zekatlaryny we sadakalaryny metjitlere däl-de, mekdeplere bermegi ündediler. Olar mekdep zerurlyklary üçin pul toplamagyň sogapdygyny hem aýtdylar. Bu waka, mekdepleri abatlamak üçin okuwçylardan nobatdaky gezek pul toplanyp başlanmagynyň öňüsyrasyna gabat geldi.

“Bilim resmileri şäheriň mekdeplerine iş saparlaryny amala aşyrýarlar. Olar okuwçylary we mugallymlary ýygnap, mekdepleriň ýygnaklar zalynda duşuşyklary geçirýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 31-nji ýanwarda maglumat berdi.

Iki sagatdan gowrak dowam eden ýygnaklarda bilim resmileri mekdep zerurlyklary üçin pul toplamagyň sogapdygyny aýtdylar. Olar munuň “hem ýurduň, hem-de özleriniň bähbidinedigini” hem bellediler.

“Resmiler okuwçylara günüň köp wagtyny mekdepde geçirip, bilim alýandyklaryny ýatlatdylar. Olar hüşür-zekatlar mekdebiň guramaçylaryna we kärdeşler arkalaşygynyň ýolbaşçy agzalaryna berilse, onda munuň okuwçylaryň we mugallymlaryň “gowy şertlerde bilim bermegi we almagy” üçin bähbitligini hem bellediler” diýip, mekdep mugallymy anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, ministrligiň wekilleri sadakalary metjide bermegiň hökmany däldigini aýdyp, okuwçylary we mugallymlary mekdebiň metjidiň ornuny tutýandygyny ynandyrmaga hem çalyşdylar.

Bilim resmileriniň bu ýygnaklarynyň yz ýany, paýtagtyň ençeme mekdebinde ýokary synp okuwçylardan nobatdaky gezek pul toplanyp başlandy.

“Bu saparky ýygnalýan puluň 40 manada barabar bolup, munuň mekdebi abatlamak üçin sarp ediljekdigini aýtdylar” diýip, aşgabatly bir mugallyma anonim şertde gürrüň berdi.

Azatlykda mekdepleriň belgileri, mugallymlaryň atlary we familiýalary bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli bu maglumatlary köpçülige ýetirmekden saklanýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Bilim ministrliginden, şeýle-de şäheriň bilim bölüminden telefon arkaly teswir alyp bilmedi. Şeýle-de, redaksiýa bu ýygnaklaryň geçirilmegine nämäniň sebäp bolandygyny anyklamak hem başartmady.

Ýöne bu waka, Türkmenistanyň beýleki edara-kärhanalarynda bolşy ýaly orta mekdeplerinde okuwçylardan we mugallymlardan dürli maksatlar üçin yzygiderli pul ýygnalýan mahalyna gabat geldi.

Ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, mejbury-meýletin ýygnalýan pullaryň gurpdan düşen köp maşgala goşmaça agram salýandygyny, raýatlaryň arasynda bu barada nägilelikleriň artýandygyny habar berip gelýärler.

16-njy ýanwarda Balkan welaýatyndaky habarçymyz Türkmenbaşy etrabynyň orta mekdeplerinde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretlerini, şeýle-de ýylyň şygarlary ýazylan plakatlary satyn almak üçin, mugallymlardan pul toplanýandygyny habar berdi.

Habarçymyz şonda her bir mugallym ýylyň şygarlaryny çalyşmak üçin 25 manat, portretler üçin 65 manat pul tölemeli bolýandygyny aýdyp, olaryň pul tapmakda kösenýändigini hem belledi.

“Etrapdaky birnäçe mekdebiň mugallymlary özlerinden talap edilýän pullary tapyp bilmänsoň, duşenbe güni her bir okuwça 10 manat möçberinde salgyt’ saldylar” diýip, bir bilim işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda häkimiýetleriň býujet işgärlerinden we okuwçylardan dürli düşündirişler esasynda pul toplamak tejribesi ýurt garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden bäri dowam edip gelýär. Ýygnalýan pullar “tebigaty goramaga”, “prezidentiň portretlerini satyn almaga”, “pagta ýygym möwsümine goşant goşmaga”, “köpçülikleýin tigirli çärelerde tigir satyn almaga”, “mekdebi abatlamaga” diýen ýaly görkezmelere esaslanyp bilýär.

Görkezmeler dilden berilýär, ýöne berk berjaý edilýär.Görkezmäni berjaý etmedik býujetçilere işden kowulmak haýbaty atylýar, okuwçylar pes bahalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada maglumat berip, mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Türkmenistan-ÝUNESKO: hyzmatdaşlyk ösdürilýär
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
9-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Halkara internet olimpiadasy geçiriler
Maryda bakjalarda çagalaryň sany aşa köp
Russiýa we Türkmenistan bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy nähili ösdürmegi meýilleşdirýär?