Aşgabatda baýramçylykda pagta ýagyny köpräk satyn alanlar tutuldy

Aşgabatda baýramçylykda pagta ýagyny köpräk satyn alanlar tutuldy

Türkmenistanda ozalky ýyllarda bolşy ýaly baýramçylyk günlerinde häkimiýetler tarapyndan azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň söwdasy ýola goýuldy. Paýtagtyň döwlet dükanlarynda pagta ýagy täjirçilik bahadan has arzanrak satyldy. Emma käbir alyjylaryň begençi puja çykdy. Bu gezek çäklendirilmän satylan ýagy alan raýatlar dessine polisiýanyň jerimesine duçar boldy.

Remezan aýynyň soňuna gabat Aşgabatda satuwa çykarylan pagta ýagyna hyrydar köp boldy. Azyk gytçylygyndan we gymmatçylykdan kösenýän ilat biraz arzan bahadan peýda bolan ýagy satylan almaga howlukdy.

"Türkmenistanda öndürilen pagta ýagy bazar bahasyndan arzanrak satyldy. Ilat bu ýagyn söwdasynyň uzak wagta çekmejegini bilip, käbirleri boldugyndan köpräk almaga synanyşdylar, ätiýaçlyk üçin" diýip bu ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Pagta ýagy Türkmenistanda ilat köpçüliginiň iýmit rasionynyň esasy bölegini düzýär. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň özünde öndürilýän pagta ýagynyň döwlet dükanlaryndaky söwdasy seýrek boldy, örän çäkli möçberde satylan önümi alyjylar birnäçe sagatlap nobata durup satyn almaly boldy.

Soňky günlerde döwlet dükanlarynda satylýan ýagyň bahasy bir litri 16 manat, bu täjirçilik nyrhynda ortaça 2 manat arzan.

Şeýlelikde ýanynda ýeterlik puly bolan adamlar begenjine birnäçe gap ýag satyn alypdyr, emma dessine polisiýanyň üns merkezine düşüpdir. Bu ýagdaýa şaýat bolan çeşme pagta ýagyny satyn alan adamlaryň jenaýatçy ýaly polisiýa alnyp gidilendigini gürrüň berdi:

"Mümkinçiligi bolan adamlar plastik gaba gaplanan ýagyň 15, 20, 25 litrini satyn alyp, dükanlaryň golaýyndaky hususy awtoulaglaryna ýükläp duran wagtynda polisiýa işgärleri tarapyndan saklandy. Olary polisiýa bölümine äkidip, jerime ýazdylar".

Jerimä sezewar edilen aşgabatlylar muny adalatsyz hasap edýärler. Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan alyjylaryň biri dükanlarda hiç bir çäklendirmesiz satylan pagta ýagyny hojalygynyň azyk üpjünçiliginiň aladasyny edip köpräk satyn alandygyny aýdýar. Ol muny polisiýa düşündirmäge synanyşypdyr, emma polisiýa diňlemändir.

"Agam, biz nä bileli köp satyn almagyň bolmaýandygyny. Gadaganlykdan meniň habarym ýok. Yzyna dükana tabşyraýyn" diýip polisiýa işgärine aýtdym. 'gaýrat edip, maňa jerime ýazmaň diýdim. Meniň çagalarym bar, belli bir işim ýok diýip, düşündirjek boldum. Diňlemedi" diýip alyjy gürrüň berýär.

Polisiýa tarapyndan saklanan ýene bir alyjy ele düşenleriň hemmesine jerime ýazylandygyny gürrüň berdiler.

"Onda arzan ýagy satmak nämä gerek, soň adamlary yzarlap, tutjak bolsalar. Indi ýagyň her litri altynyň bahasyndan gymmat boldy" diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşen aşgabatly gürrüň berdi.

Pagta ýagy ençeme ýylyň dowamynda döwlet tarapyndan kesgitlenen ýeňillikli bahadan satylan un, çörek we şeker ýaly azyk önümleriniň sanawyna girdi. Onuň döwlet dükanlaryndaky söwdasy mydama uly nobatlar bilen geçýärdi. Birnäçe sagatlap nobata duran adamlar örän çäkli mukdarda ýag satyl alyp bilýärdi. Pagta ýagynyň söwdasy hem seýrek bolup, ilat birnäçe hepde, obalarda bolsa, birnäçe aýlap garaşmaly bolýardy.

Türkmenistanyň öz içerki önümi bolan pagta ýagynyň hiliniň käwagt erbet bolmagyna garamazdan, pes girdejili ýaşaýjylar ony satyn almaga mejbur bolýar. Geçmişde pagta ýagynyň gapdalyndan geçmeýän harytlar, rezin ädik, şypbyk, möhleti geçen köke ýa-da telefon kabeli ýaly zatlar goşulyp satylýardy.

Tebigy resurslaryndan girdeji alýan ýurduň hökümeti öz ilatynyň uly böleginiň garyplykda ýaşaýandygyny şu çaka çenli boýun alman geldi, emma azygy ýeňillikli bahadan satmak tejribesiniň soňuna çykdy.

2017-nji ýylyň aýagynda başlanan azyk krizisi döwlet dükanlarynda çörek, un we pagta ýag nobatlarynyň döremegine getirdi. Döwlet resmileri ýedi ýyl bäri dowam edýän bu ýagdaýy resmi derejede agzamaýarka, işsizlikden kösenýän ýurt ýaşaýjylarynyň durmuş derejesi agyrlaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Tahran Uly Ýalňyşlyk Etdi we Jerimesini Çeker”
Baýramalynyň polisiýasy bazaryň açylmagyny umyt edip ýygnanan onlarça telekeçä we alyja jerime saldy
Ýol gözegçiligi gullugy we salgyt gullugy Türkmenbaşyda hususy taksileri awlaýar’
“Başgalarynyň Hasabyna Oýun Oýnasaňyz Jerimesini Çekmeli Bolarsyňyz”
Google Awstraliýada 58,4 Million Dollar Jerime Tölär
Eýranda ABŞ-nyň 4,3 Milliard Dollara Jerime Tölemegi Üçin Höküm Çykaryldy