Aşgabatda banklarda pul nagtlaşdymak üçin nobatlar döredi

Aşgabatda banklarda pul nagtlaşdymak üçin nobatlar döredi

Türkmenistanda bank hasaplaryndan puly nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar ýene-de güýçlendi. Raýatlar bank kartlaryna geçirilýän aýlyklaryny we pensiýalaryny nagtlaşdyrmaga synanyşýarka, bankomatlarda ýeterlik pul bolmaýar. Bu nobatlaryň döremegine getirýär. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň banklaryndaky soňky ýagdaýlar barada habar berýärler.

Şu günler paýtagtyň banklarynda ýerleşýän bankomatlaryň öňünde nobatlar köpelýär. Aşgabatlylar aýyň başynda hasaplaryna geçirilen aýlyklaryny we pensiýalaryny almaga synanyşýarlar.

"Türkmenistanyň raýatlarynyň işleýän gatlagynyň aýlyk-zähmet haklarynyň bank kartlaryna geçirilmegi bilen adamlaryň gaýgy-aladasy gutarmaýar. Olaryň nirede we nädip nagtlaşdyrmak kynçylygy dowam edýär" diýip, habarçymyz 11-nji aprelde paýtagtdan habar berýär.

Ýurtda döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň we raýatlaryň pensiýalarynyň we kömek pullarynyň nagt däl görnüşde hasaplaryna geçirmek tejribesi mundan 8 ýyl çemesi ozal ornaşdyryldy.

Azatlygyň aşgabatly çeşmesiniň ugradan wideo ýazgysynda Aşgabadyň bank binalarynyň öňünde onlarça adamyň bankomatlaryň öňünde üýşüp durandygyny görse bolýar. Azatlyk Radiosy çeşmeleriniň howpsuzlyk aladalary sebäpli wideolary çap etmekden saklanýar.

Nagt pul ýurtda esasy hasaplaşyk usuly bolmagynda galýar, hatda köp söwda nokadynda plastik kartlar bilen töläp bolmaýar. Şeýlelikde ilatda puluny nagtlaşdyrmakdan başga çäre galmaýar.

"Adamlar her gije-gündiziň dowamynda diňe 900 manat möçberinde puly nagtlaşdyrmak barada bankyň girizen çäklendirmesinden kösenýärler. Bu çäk ähli banklara we ähli bank hyzmatlaryna degişli. Ondan artyk puly nagtlaşdyrmak üçin 24 sagat geçmeli" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanyň maliýe resmileri milli banklaryň müşderileriniň nagtlaşdyrmagy üçin puluň möçberine girizilýän çäklendirmeleriň we ýyllarboýy bankomatlardaky pul ýetmezçiliginiň sebäplerini resmi derejede düşündirmediler.

Şäher ýaşaýjylaryna garanda oba ýaşaýjylarynyň ýagdaýy has-da agyr. Olar pullaryny nagtlaşdyrmak üçin etrap merkezlerine barmaly bolýarlar. Geçmişde obalylardan şäherlerde pul nagtlaşdyrmagy üçin ýörite resminamalaryň bolmagy talap edilipdi.

Emma häzirki wagtda käbir şäherleriň ilaty hem puly nagtlaşdyrmak üçin has uly şäherlere gatnamaga mejbur boldylar.

Serhetabat şäheriniň ýaşaýjylary nagt pul üçin 300 kilometr töweregi ýol söküp, Marynyň welaýat merkezine gatnamaly bolýarlar. Sebäbi günorta şäheriň özündäki sanlyja bankomatlara pul seýrek salynýar.

Üstesine, bu welaýatda bank kartlaryndan çekip bolýan nagt puluň 800 manat möçberinde kesgitlenen çägi adamlary aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin 2-3 gezek welaýat merkezine gatnamaga mejbur edýär.

Türkmen ýolbaşçylary ençeme ýyl bäri saklanýan nagt pul ýetmezçiligini diňe bir gezek resmi derejede agzady. Gurbanguly Berdimuhamedow prezident döwründe 2019-njy ýylyň awgust aýynda bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligini boýun aldy, ýöne ol pul ýetmezçiligini tehniki kynçylyklar bilen düşündirip, resmileri günäkärledi.

Şondan bäri häkimiýetler meseläniň sebäplerini öwrenmegiň we düzetmegiň ýerine, nobatlary dargatmaga we gizlemäge çalyşýarlar. Hususan-da, döwlet ýolbaşçylarynyň saparlarynyň öňýany adamlara bankomatlaryň önünde üýşmegi gadagan etdi.

2220-nji ýylda tutuş ýurt boýunça bankomatlary söküp aýyrmak boýunça işler geçirildi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi websaýtyndaky resmi maglumata görä, tutuş ýurt boýunça 2 144 bankomat işleýär, iň köpüsi paýtagtda, ondan soň welaýat merkezlerinde ýerleşýär. Müşderilere jemi 5 645 242 bank karty berlipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar öz gazanjyny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler
Türkmenabatda bankomat sany azaldy, nobatlar köpeldi
Türkmenbaşynyň bankomatlarynda ýene-de nagt pul ýok
Manat nagtlaşdyrmak kynlaşýar, Merkezi bank düşündiriş bermeýär
Döwrebap bank hyzmatlary
Cash back bank hyzmaty täzeçilligiň döwrebap nusgasy