Aşgabatda Baharyň ylhamy ady bilen konsert geçiriler

Aşgabatda Baharyň ylhamy ady bilen konsert geçiriler

1-nji martda baharyň ilkinji güni we Halkara zenanlar güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Baharyň ylhamy ady bilen konsert geçiriler.

Konsertiň maksatnamasynda türkmen, rus we daşary ýurtly kompozitorlaryň aýdym-sazlary bolar.

Konsert maksatnamasynda Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýewiň, Atajan Berdiýewiň Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň çykyşlary bar. Şeýle hem Ýelena Arakelýan, Žanna Saýiýan, Mähri Orazowa, Ýekaterina Darçiýa, Mansur Şaripow, Tylla Saryýewa hem-de Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri Begenç Gaýypow, Döwran Şammyýew, Dünýägözel Begaliýewa we beýlekiler çykyş ederler.

Mundan başga-da, Joşgun atly kapellanyň hor topary (režissýor Kerim Jumakuliýew, döwlet we halkara kompozisiýa ýaryşlarynyň laureaty) çykyş eder.

Aýdym-saz agşamynyň çäginde Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň agzasy Gunça Ýazmuhammedowanyň eserleriniň sergisi bolar.

Konsert 18.00-da başlar. Mugt giriş

Ýene degişli makalalar

Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Aşgabatda fransuz aýdymçysynyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Kamerata Aşgabat döredijilik toparynyň konserti geçiriler