Aşgabatda Babageldi Hojagulyýewiň we Baýramgeldi Kakabaýewiň şahsy sergileri açyldy

Aşgabatda Babageldi Hojagulyýewiň we Baýramgeldi Kakabaýewiň şahsy sergileri açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Babageldi Hojagulyýewiň we Baýramgeldi Kakabaýewiň 70 ýaş ýubileýleri mynasybetli şahsy döredijilik sergileriniň açylyş dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow çykyş edip, halypa suratkeşleri bu günki ýubileý sergileri bilen mähirli gutlady. Şeýle hem dabaranyň sebäpkärlerine Suratkeşler birleşiginiň adyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlaryny, gül desselerini gowşurdy.

Dabarada belli nakgaşlardan, heýkeltaraşlardan, ussat suratkeşlerden Annadurdy Almämmedow, Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Kakageldi Gurbangeldiýew şeýle hem suratkeşleriň beýleki kärdeşleri, sungat öwrenijiler çykyş etdiler. Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň başlygy Gözel Hakberdiýewa hem söz sözläp, halypa suratkeşleri bu günki sergi dabarasy bilen gutlap, olara müdirligiň adyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, 33 ýyldan bäri Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolýan Babageldi Hojagulyýewiň mugallymçylyk kärinde zähmet çekýändigine 50 ýyl bolupdyr. Ol Tejen şäher çagalar çeperçilik mekdebinde zähmet çekýär. Muňa garamazdan ol, boş wagtlary döredijilik işleri bilen meşgullanýar. Suratkeşiň Magtymgyly Pyraga bagyşlan Suw hakynda suratlar toplumynda şahyryň edebiýatyna, şygyrlaryna goýulýan belent sarpany duýmak bolýar.

Mundan başga-da, suratkeşleriň oba durmuşy, toý dabaralary ýaly birmeňzeş temalarda döreden Gelin, Ugradyş, Kak, Danalar, Ýer we adamlar, Ýaşlar, Toý güni, Oba işgärleri, Myhmançylykda, Düýe çal, Toý, Ertir toý, Oba owazy ýaly eserleri sungaty söýüjileriň ünsüni özüne çekdi.

Ýene degişli makalalar

Halypa suratkeşleriň şahsy sergileri açyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Sarpasy belentde tutulýan zenanlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlaryna täze häkim bellenildi