Aşgabatda Aziada gatnaşyjylar we myhmanlar üçin naharhanalar açylar

ok.ru/turkmenworld-yň fotosy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji awgustda ministrler bilen maslahat geçirip, Oýunlara gatnaşyjylary ýokary hilli önümler: dokma, azyk, sowgatlyk we beýlekiler bilen doly üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Ýaryşlaryň geçiriljek ýerleinde sogatlyk önümleriň satuwynyň başlanýandygy, olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän söwda merkezleriniň bolsa gije-gündiz işlejekdigi bellendi.

Oýunlara gatnaşjak türgenleri hem-de myhmanlary azyk önümleri bilen üpjün etmek Oba we suw hojalygy ministrligine tabşyryldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşigine Oýunlara gatnaşýan türgenleri, resmi wekiliýetleriň agzalaryny, myhmanlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, meýletinçileri we hyzmat edýän işgärleri ýokary hilli iýmit bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Azyk önümleriniň saklanylyşyna, dürli naharlaryň taýýarlanylyşyna we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmed Döwlet sanitar-epidemiologiýa gullugyna tabşyryldy.

Ýatladýarys, 7-nji iýulda gol çekilen karara laýyklykda Aziada gatnaşyjylary naharlamak “Gül zaman” hojalyk jemgyýetine we Şweýsariýanyň Gourmet Sports Hospitality AG kompaniýasyna ynanyldy.

Ýene degişli makalalar

17.08.2017 | Aşgabatda “Aziada--2017-niň tagamlary” atly sergi geçirildi
Olimpiýa şäherçesini saklamak üçin, 1300 iş orny dörediler
Aziada gatnaşyjylary türkmen we şweýsar azpezleri naharlar
Abu-Dabiniň ýaşaýjylary plastikany gaýtadan işlemek üçin ýeňillik we bonus alyp bilerler
Beýik Britaniýa Karl III täç geýdirmek dabarasyna 125 million dollar sarp eder