Şu gün Aşgabatda Aziýa oýunlaryna 30 gün galmagy mynasybetli geçirilýän awtoulagsyz günüň çäginde, hususy ulaglaryň gatnawy doly ýatyrylyp, jemgyýetçilik transportlarynyň we ýolagçylaryň hereketi hem çäklendirildi.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu çäre 17-nji awgustda irden sagat 05:00-da başlanyp, Saparmyrat Türkmenbaşy, “10 ýyl abadançylyk” we Arçabil şaýoly ýaly protokol köçeleriň tas ählisine ýaşaýjylar goýberilmedi.
“Irden işe gitmek üçin öýden çykanymyzda, köçeler dym-dyrslykdy.Hatda awtobus, taksi gatnawlary hem ýola goýulmandy.Işe gitjek raýatlar awtobus duralgalaryna-da goýberilmedi.Olardan uly köçelerdäki ýanýodalardan däl-de, etrapçalaryň içindäki kiçi köçelerden ýöremek talap edildi.
Mundan 20 gün ozal geçirilen awtoulagsyz günden tapawutlylykda, bu gezek ýaşaýjylaryň köçelerde tigir sürmegi hem gadagan edildi” diýip, özüni Döwletmyrat aga diýip tanyşdyran Parahat etrapçasynyň 55 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Aýdylmagyna görä, bu ýagdaý sagat 11:00-a çenli dowam edip, şondan soň ýolagçylar duralgalara goýberilip başlandy we köçelerde jemgyýetçilik transport gatnawlarynyň, döwlet eýeçiligindäki hususy taksileriň hereketine çäkli derejede rugsat berildi.
“Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolundan her 30 minutda bir awtobus ýa-da sary taksi geçýär. Öň ýedi marşrut boýunça ýarym sagatda 10-a golaý awtobus duralga gelen bolsa, häzir bolup bilse biri gelýär. Onsoň gitmeli ugruňa gatnaýan awtobus gelýänçä, käte 2-3 sagat garaşmaly bolýar. Tigirliler henizem köçä goýberilenok. Köçelerde Tiz kömek ulaglaryna hem gözüň düşenok” diýip, Döwletmyrat aga aýdýar.
Paýtagtda howpsuzlyk çäreleriniň hem güýçlendirilendigi, häzirki wagt köçelere we seýilgählere polisiýa işgärleriniň, harby esgerleriň we beýleki güýç gulluklaryň resmileriniň ýüzlerçesiniň patrullyk edýändigi aýdylýar.
Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri bu çärä taýýarlyk işleriniň eýýäm 16-njy awgustdan başlanandygyny, şonda etrapçalaryň içindäki awtoulaglaryň, hatda tölegli awtoduralgalardaky ulaglaryň ählisiniň hiç hili duýduryş berilmezden alnyp, şäheriň çetindäki duralgalara geçirilendigini tassyklaýarlar.
“Düýn gije 24:00 bilen 03:00 aralygynda polisiýanyň we degişli edaralaryň işgärleri tölegli duralgalardaky müňlerçe ulagyň ählisini alyp gidipdirler.Bu ulaglaryň ählisi Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan awtoduralga diýlip, resmi derejede ykrar edilen, tölegli we ýörite garawully awtoduralgalarda goýlupdy.
Parahat etrapçasyndaky resmi awtoduralgalarda häzir ne awtoulaglar bar, ne-de olara gözegçilik edýän resmiler bar.Ulaglaryň Ankara köçesiniň ugrundaky awtoduralga alnyp gidilendigi aýdylýar” diýip, Azatlygyň paýtagtdaky çeşmesi gürrüň berdi.
Galyberse-de, ol duýdansyz alnyp gidilen awtoulaglaryň sanynyň 2000-den geçýändigini aýdyp, şeýle ýagdaýlarda olara tehniki zeper hem ýetirilýändigini, tormoz sistemasynyň, tekerleriniň zaýalanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Ýatladyp geçsek, “ekologiýa çäresi” diýlip atlandyrylan bu çäre prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan teklip edilip, ol bu dabaranyň ýurduň ilatynyň köp sanly haýyşlarynyň esasynda geçirilýändigini aýdypdy.
Emma Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň onlarçasy şeýle çärelerde adamlaryň uly kösençliklere sezewar edilýändigini, olaryň beýleki zerurlyklar bilen bir hatarda, işe ýa-da aeroporta öz wagtynda barmak mümkinçilikleriniň juda çäklendirilýändigini aýdýarlar.
Ýeri gelende ýatlatsak, şuňa meňzeş çäre mundan ozalam amala aşyrylyp, 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçmeli Aziýa oýunlaryna 50 gün galmagy mynasybetli paýtagtda ähli hususy transport gatnawlary ýatyrlyp, diňe tigirli herekete geçilipdi.
29-njy iýulda geçirilen şol çärede döwlete degişli jemgyýetçilik ulaglarynyň we awtoulaglaryň hereketine rugsat berlen bolsa-da, Azatlygyň çeşmeleri olaryň şäher ilaty üçin ýeterlik bolmandygyny, adamlaryň sagatlap duralgalarda garaşan halatlaryny görse bolýandygyny habar beripdiler.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen mediasynda bu çäreler “sagdyn durmuş we ekologiýa arassaçylygy” diýlip mahabatlandyrylsa-da, onuň ilata ýetirýän täsirleri hem-de agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň oňa sarp edýän maliýe serişdeleri barada kelam söz aýdylmaýar.