
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary Aşgabatda hususy awtoulaglaryň hereketleriniň çäklendirilmegi bilen ilteşikli käbir jikme-jikler barada maglumat berdiler.
Žurnalistleriň gözegçiligine görä, 10-njy maýda Aşgabatdaky köçeleriň ählisi hususy awtoulaglaryň hereketleri üçin petiklenmedi.
Mysal üçin, 11-nji ýaşaýyş etrabyndaky köçeler, Baba Annanow we Gurbansoltan eje köçeleri awtoulaglaryň hereketi üçin açyk.
Hususy awtoulaglaryň hereketine Nurmuhammet Andalyp, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk we Türkmenbaşy şa ýoly petiklendi. Ýubileýnaýa köçesiniň çatrygyndan başlap, 10 ýyl abadançylyk köçesi hem ýapyk.
Polisiýa bu köçelere diňe şäher içinde hereket edýän awtobuslary we taksileri goýberýär.
Köçelerde welosipedçiler hem ýok, emma, köpsanly polisiýa bar.
Görnüşi ýaly, şäherara ulaglary çäklendirmeleriň girizilmegine taýýar däl bolup çykdy. Awtobuslaryň içi ýolagçylardan hyryn-dykyndy.
Taksileriň nyrhy bolsa, “Türkmen News” neşirini ýazmagyna görä, 2 esseden köp artdy we 30 manatdan 70 manada çykdy. Bu nyrha taksi abzalynyň çykaran hasaby hem goşulýar.
Aşgabadyň häkimiýetleri çäklendirilmeleriň giriziljekdigini öňünden habar bermediler.
9-nji maýdan 10-njy maýa geçilen gije TDH döwlet täzelikler gullugy 10-25-nji maý aralygynda welosiped ýörişiniň geçiriljekdigini bildirdi.
Emma, hususy awtoulaglary ulanmak bilen bagly çäklendirmeler barada maglumat berilmedi.
“Türkmenawtoulag” döwlet gullygynyň internet sahypasynda hem köçeleriň petiklenjekdigi bilen ilteşikli habar ýok.
“Şäherde haos bar. Awtobus dowzah ýaly yssy, adamlar gutydaky kilka balygy ýaly hyryn-dykyn” diýip Aşgabadyň bir ýaşaýjysy aýdýar.
Ýatlatsak, 10-njy maýda irden garaşylmadyk ýagdaýda polisiýa Aşgabatda hususy awtoulagda köça çykmagy gadagan etdi.
Ilata duýdurylmagyna görä, 26-njy maýa çenli paýtagtda hususy awtoulagda diňe agşam sagat 6-dan daňdan sagat 6-a çenli hereket edip bolýar.
25-nji maýda Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellener.The post Aşgabatda awtoulag çökdi: esasy köçeler petiklendi, şäher ulaglary ýolagçylaryň akymy bilen baş edip bilmeýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.