Aşgabatda awgust aýynda Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler

Aşgabatda awgust aýynda Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler

Şu ýylyň awgust aýynda Aşgabatda Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin atly halkara sergi-ýarmarka geçiriler. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün, 26-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew bu halkara çärä görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sergi-ýarmarkada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň çagalar, okuwçylar we talyplar üçin harytlaryny, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri, okuw esbaplaryny, elektron harytlary hödürlemek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň tejribe alyşmagy, çagalar üçin tälim beriji ussatlyk sapaklarynyň we bäsleşikleriň guralmagy, innowasion işläp taýýarlamalar, täzelikler hem-de meşhur Modalar öýleriniň çagalar üçin täze lybaslarynyň dabaraly görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 19-njy awgustynda Aşgabatda geçiriljek çagalar üçin halkara sergi-ýarmarka Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy haryt öndürijileriniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu halkara çäräni guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

“Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergä taýýarlyk görülýär
Aşgabatda Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär
Belet Film ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi
Ýekelikde welosipedli syýahat edýän iňlis jahankeşdesi Türkmenistanyň çäginden geçer
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen kompaniýalary çagalar üçin harytlaryň sergisine we işewürlik seminaryna çagyrylýar