Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 60 teňňelik resmi nyrhdan satylýan çöregiň gytçylygy saklanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýärler.
"Döwlet dükanlarynda 60 teňňelik arzan býujet çöregi ýetmezçilik edýär. Irden uny dessine satyn alyp gutarýarlar. Köplenç onuň hili pes bolýar" diýip, 24-nji fewralda Azatlygyň habarçysy mälim etdi.
Habarçylarymyz, şol bir wagtda-da hususy dükanlarda çöregiň bardygyny, emma görnüşleriniň onçakly köp däldigini belleýärler.
"Ak çörek 2 we 3 manatdan arkaýyn satylýar. 'Borodinskiý' çöreginiň uly buhankasy 12 manatdan, kiçisi 6 manatdan. Çöregiň görnüşleri hatda supermarketlerde-de köp däl" diýip, habarçymyz aýdýar.
Şu günler tamdyrda bişirlen türkmen çöregine isleg köp bolýar.
"Tamdyrda bişirlen 1,2 manatlyk petir çörek iň köp satyn alynýar. Onuň nobatlary uly bolýar. Men bir gyzgyn çöregi satyn aljak boldum, emma şol bir nobat başda ikä bölündi, soň üç boldy. Men soň durman gaýtdym" diýip, habarçymyz aýdýar.
Onuň sözlerine görä, kesgitli nyrhdan satylýan çöregi we türkmen çöregini satyn atyn almak üçin uly nobatlarda duran adamlary Aşgabadyň dürli böleklerinde görmek mümkin.
"Parah-2 etrabyndaky çörek bişirýän kärhanada hem şeýle çöregi tiz alyp gutarýarlar. Ýöne 1,2 manatlyk çörek gündiz hem satuwda bar" diýip habarçymyz aýdýar.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda hem çörek gytçylygy döwlet dükanlarynda ýüze çykýar.
"Çöregi diňe döwlet dükanlarynda tapmak kyn. Hususy dükanlarda çörek näçe diýseň bar. 4 we 8 manatdan. Emma bu ýaşaýjylaryň köpüsi üçin iňňän gymmat bolýar" diýip, habarçymyz 24-nji fewralda Lebapdan habar berdi.
Türkmenistanyň ilaty ençeme sagada çekýän uly nobatlara garamazdan, döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satylýan azyk önümlerini satyn almaga synanyşýar. Agyr ykdysady şertler we işsizlik zerarly ilatyň uly böleginiň maddy ýagdaýy gitdigiçe ýaramazlaşýar. Bu ýagdaýda döwlet dükanlarynda satylýan harytlar ilat köpçüliginiň gün görmek üçin ýeke-täk mümkinçiligi bolýar.
Iň köp satyn alynýan azyk önümlerini çörek, un, ýurduň içinde öndürilýän pagta agy w daşary ýurtly günebakar ýagy, ýumurtga we doň towuk budy emele getirýär.
Habarçylarymyzyň sözlerine görä, şu günler ösümlik ýagy we ýumurtga döwlet dükanlarynda tapdyrýar, emma çäklendirilip satylýar.
"Ýene-de ösümlik ýagy gyt bolupdy.Emma häzir bir çüýşesini 13 manatdan döwlet dükanlarynda satyn alyp bolýar, ýöne diňe ertirlerine we satuwa köp çykarmaýarlar.Hususy dükanlarda arkaýyn satylýar, bir çüýşesi 16-20 manatdan. "Ahal" pagta ýagy satuwda ýok, emma gaba guýulyp satylýan pagta ýagyny litrini 2,8 manatdan satyn alyp bolýar. Ýumurtga döwlet dükanlarynda 30 sanysy 15 manatdan bar. Şeker ertirlerine satylýar, käbir dükanlarda kilesini 7 manatdan gündiz hem satyn alyp bolýar" diýip, habarçymyz 24-nji fewralda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, döwlet dükanlarynda hem nagt hem-de bank kartlary bilen töläp bolýar.
Döwlet dükanlarynda çäklendirilip satylýan esasy harytlaryň ýene biri bahasy kilesine 11 manatlyk daşary ýurtly towuk butlarynyň esli bölegini buz tutýar.
Towuk butlarynyň gytçylygy bilen bir wagtda ýurduň içinde öndürilýän towuk eti hem gymmatlapdyr.
"13 manatdy, emma indi 16 manat boldy.Düýn Teke bazarda 16 manatdan diňe bir ýerde satyldy, beýlekilerde 17 we 19 manat aralygynda satyldy.Hususy dükanlarda şol bir towuk kilogramy 20 manatdan satyldy. 11 manatdan satylmaly towuk budy asla bolmady.
Olary bazarda ýörite döwlet nokatlarynda satýarlar bir ele 2 kilogramdan.Hususy dükanlarda olar 16 manatdan satylýar.Muňa 'garyplar üçin et' diýýärler.Towugyň bagyry, ýürekleri 10 mantan 13-15 manada çenli gymmatlady" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri aýdýar.
Habarçylarymyzyň ýene biri, döwlet dükanlaryndaky gytçylyk bilen bir wagtda, paýtagtyň hususy dükanlarynda we supermarketlerinde azyk üpjünçiliginiň erbet däldigini, emma bahalaryň köpler üçin elýeterli däldigini belleýär.
"Bahalar ilatyň gurply bolmadyk gatlaklaryna elýeterli däl. 9-njy etrapçadaky "Hezzet" supermarketiniň hyrydary köp bolýar. Olar yzygiderli aksiýa geçirýärler. 5 manatlyk arzan tüwiniň nobaty döreýär. Ony käte bazarlarda-da satýarlar, emma nobatlary gizleýärler" diýip, ýene bir habarçymyz aýdýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizisi açyk boýun almaýarlar we azyk gytçylygynyň sebäplerini ilata resmi taýdan düşündirmeýärler. Döwlet habar beriş serişdeleri ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýärler.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.