27-28-nji martda Oguzhan we Bitaraplyk şaýollarynyň çatrygyndaky “Altyn Asyr” jübi telefon operatorynyň merkezi edarasynda ilatyň arz etmegi üçin telegramma-kagyzlary paýlanyp başlandy. Nobata ýüzlerçe adam ýygnandy. Kabir ýerlerde ulaglaryň hereketi baglandy.
Bu barada “Türkmenistanyň hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler. Edaranyň işgärleri ilata anyk-aýdyň maglumatlary berip bilmediler. Ilat blankalaryň paýlanýandygy barada agyzdan-agyza eşidipdirler.
Arzalary kimiň aljakdygy belli däl. Ol ýerä ýygnananlar arzalaryň prezidentiň edarasyna ýa-da paýtagtyň häkimligine gitjekdigini çakladylar.
Blankada bellenmegine görä,arzalara tabşyrylan gününden soňra 4 aýyň içinde garalar.Şeýlede ony ýollanyň ady we salgysy üçin töleg alynmajakdygy ýaýyň içinde nygtalypdyr.
Käbirleriniň hasaplamaklaryna görä, bu ýerde öýleri ýykylanlara jaý bermek barada gürrüň gidýär. Çünki, häzir Aşgabatlylar üçin iň esasy mesele köpsanly gurluşyklar üçin köne jaýlaryň we tutuş kwartallaryň weýran edilmegi bolup durýar.
Agyzdan-agza ýaýran myş-myşlara görä, Aşgabadyň golaýyndaky “Öňaldy” etrabynda hususy jaýlaryň gurluşyklary üçin ýerler bölünip beriler.Ilkinji tölegler 30 müň manada deň.
Muny tassyklaýan resmi maglumat ýok.
Adamlaryň hasaplamalaryna laýyklykda, bu täze prezidentiň öňe süren pikiri bolmaly.
Ol şeýdip abraý almaga we ilatyň ynamyny gazanmaga çalyşýar.
29-njy martda hem “Altyn asyryň”edarasynyň öňüne köp adam ýygnandy.Ýöne, polisiýa nobaty tertibe salyp,ony howlynyň daşyna çykardy.The post Aşgabatda arz edilýän blankalar ilata paýlanyp başlandy, uzyn nobatlar döredi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.