Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýaňlanyp dur Annaberdiň owazy diýen at bilen ýatlama duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk aýdymçy Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlandy.
Duşuşykda bu ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary halypanyň aýdan aýdymlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artistleri Baýramdurdy Hudaýnazarow, Atageldi Garýagdyýew, Akmyrat Çaryýew dagy halypa hakda gyzykly ýatlamalar bilen çykyş etdiler.
Ýurdumyzyň aýdymçy şahyrlarynyň goşgularyna aýdym döreden, kompozitorlarymyzyň eserlerini nusgalyk derejede ýerine ýetiren Annaberdi Atdanow 1940-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Kelete obasynda dogulýar.Ol zähmet ýoluna işçilikden başlanam bolsa, öz bagtyny aýdym-saz sungatyndan tapýar. Ýigriminji asyryň ortalarynda onuň aýdymlary türkmen radiosynda ýaňlanyp ugraýar.
Durmuşyň gülleri, Biläni ýaly aýdymlar onuň diňleýjilere ýetiren ilkinji aýdymlarydyr.Türkmen döwlet filarmoniýasynda işlän ýyllarynda Aşgabatdan salam atly estrada aýdym-saz toparyny döretmegi onuň guramaçy bolandygyndan habar berýär.
Annaberdi Atdanowyň döredijiliginde Keçpelek filmi bilen bagly şeýle pursat bolupdyr: bir gün onuň iş ýerine Nury Halmämmet gelip, täze kino üçin saz ýazýandygyny, şonda Annaberdiniň sesine laýyk iki sany aýdym bardygyny, ony simfoniki orkestr bilen aýtmalydygyny duýdurýar.
Annaberdi heniz beýle orkestriň öňünde durubam görmändigini ýanjaýar.Ol näçe ýaýdansa-da, Nury öwrenmeli aýdymlar barada gürrüň berip başlaýar.Nury Halmämmedow juda mamla eken. Şowly çykan filmi Annaberdi Atdanowyň ýokary ussatlykda aýdan aýdymlary has bezäpdi.
Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň aýdan aýdymlary teleradioýaýlymlarda yzygiderli ýaňlanýar. Ol aýdymlaryň birnäçesi halk aýdymlarydyr, ýene birnäçesi bolsa aýdymçy şahyrlaryň goşgularyna döredilen, diňleýjileriň söýýän aýdymlarydyr. Olardan Leýla, Süýji arzuwlar, Seni küýsedim, Gel, obamyň lälesi!, Säher guşlar saýranda, Durnalar, Dillen, läläm!, Gyzlar we beýleki şirin aýdymlary görkezmek bolar.
Halypa estrada aýdymçysynyň bilbil owazly ýerine ýetiriş äheňinde höwesjeň ýaşlaryň aýdym aýtmaklary halypa-şägirtlik ýolunyň barha rowaçlanýandygyny aňladýar. Olardan Begençmyrat Gurbanmyradow, Arslan Atdanow ýaly aýdymçylary görkezmek bolar.