Aşgabatda Ak şäherim Aşgabat atly XXIII köpugurly halkara sergi geçirildi

Aşgabatda Ak şäherim Aşgabat atly XXIII köpugurly halkara sergi geçirildi

Aşgabatda Ak şäherim Aşgabat atly XXIII köpugurly halkara sergi geçirildi. TDH-nyň teswirinde bellenilişi ýaly, bu gözden geçiriliş şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurduň gazanan üstünliklerini, toplan tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.

Sergini guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin iň gyzykly teklipleri hödürleýärler. Şolaryň hatarynda gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, dizaýn, şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlar bar. Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşi gazanmakdan ybaratdyr.

Hut şu ýörelge bu gezekki serginiň aýratynlygyny kesgitledi.Onuň işine türkmen hem-de daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň 160-dan gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, türkmen we daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtyň ýaşaýjylary, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

Sergide nahallary ösdürmek, seýilgäh germewlerini, timarlaýyş serişdelerini, bezeg gurnawlaryny, mebelleri, aşhana enjamlaryny, aýnadan ýasalan önümleri taýýarlamak bilen meşgullanýan kärhanalaryň diwarlyklary we harytlary ýerleşdirilipdir.Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde häzirki zaman şäheriniň gündelik durmuşynda ulanylýan ähli zatlar bar. Şäher hojalygynyň möhüm bölegi bolan aragatnaşyk we ulag pudagynyň edaralary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Aşgabady dünýä ýurtlary bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgeleri şol ulgama degişlidir.Aýratyn bölüm ýol gurluşygyna bagyşlanýar.Häzirki döwürde Türkmenistanda ulag düzümini döretmek boýunça giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Awtobanlar, köprüler, estakadalar, ýol aýrytlary — gurluşygy aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri, iň täze tehnologiýalary talap edýän desgalar bina edilýär. Şoňa görä-de, sergide ýurduň möhüm ýollarynda köpri geçelgelerini, ýol aýrytlaryny gurmaga ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň, bu ulgamda Türkmenistan üçin öz nou-haularyny teklip etmäge taýýar bolan öňdebaryjy daşary ýurt kärhanalarynyň diwarlyklary uly gyzyklanma döretdi.

Binagärlik we gurluşyk, şol sanda ýol gurluşygy ulgamynda iň soňky ylmy işläp taýýarlamalary, innowasiýalary, dürli tehnikalary hem-de ýöriteleşdirilen enjamlary özünde jemleýän köp sanly diwarlyklar bilen tanyşlyk türkmen paýtagtynyň geljegine göz aýlamaga mümkinçilik berdi.

Häzirki döwürde ýurtda bu ulgamda iň täze inženerçilik-gurluşyk tehnologiýalary zerur bolup durýar.Häzirki zaman senagat we elektron enjamlaryny öndürijiler bolan Aýdyň gijeler we Agzybirlik tilsimaty hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklary myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Dürli ulgamlarda — oba hojalyk we azyk pudaklaryndan başlap, ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap senagat kärhanalaryny gurmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek bilen meşgullanýan ýurduň telekeçileridir haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezdiler.

Ajaýyp gurluşyk, Nur bina gurluşyk, Baýly gurluşyk, Beýik bina, Ojar Aziýa ýaly hususy kärhanalar öz diwarlyklarynda durmuşa geçirilen hem-de geljekde amala aşyryljak taslamalary görkezdiler.

Azyk, obasenagat, söwda toplumlary tarapyndan görkezilýän we beýleki köp sanly bölümler sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Sport, syýahatçylyk, sport enjamlarynyň senagaty, sagdyn durmuş ýörelgeleri ugrunda gazanylanlary görkezýän diwarlyklaryň ýany hem köp adamly boldy.

Bilim ulgamynyň adyndan sergä gatnaşyjylar täze işläp taýýarlamalary, synag taslamalaryny, awtorlyk maksatnamalaryny, usuly we okuw gollanmalaryny görkezdiler.Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy hem bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekdi.

Onda ýurduň döwrebap çaphana we neşir önümleri görkezildi. Şunda çagalar üçin niýetlenen çeper eserlere, Türkmenistan hakyndaky ylmy-populýar kitaplara aýratyn orun berlipdir.Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary aýratyn orun eýeleýär. Şolaryň köpüsi dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi bilen, daşary ýurtlarda-da giň meşhurlyga eýe boldy.

Milli dokma we elde dokalan döwrebap haly önümleri, halk senetçiliginiň önümleri, Dokma senagaty ministrliginiň harytlary-da myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Daşary ýurtlardan sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Bouygues Turkmen, Gap Inşaat, Rönesans, Çalyk Enerji, “Wozroždeniýe” kompaniýalary ýaly Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary bar. Açyk sergi meýdançalarynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli awtoulaglary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerdäki sergi bölümlerinde bank programma üpjünçiligi, gurluşyk enjamlary, halkyň sarp edýän önümleridir harytlary mahabatlandyryldy.

Ak şäherim Aşgabat atly XXIII köpugurly halkara sergi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara Aşgabadyň senagat, medeni, aň-paýhas mümkinçilikleri, ägirt uly durmuş-ykdysady serişdelerini özünde jemleýän Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Sergi şu gün hem öz işini dowam etdi. Onuň çäklerinde sergä gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi
Gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy
Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy atly halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti iri gurluşyk kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow Wozroždeniýa kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi