Aşgabatda AHHG-niň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 83-nji mejlisi geçirildi

Aşgabatda AHHG-niň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 83-nji mejlisi geçirildi

Şu gün Aşgabadyň Arçabil myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň suw hojalyk pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, Amyderýa, Syrderýa sebit suw hojalyk birleşikleriniň we Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň ylmy-maglumat merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 83-nji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri bilen birlikde, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda Amyderýanyň we Syrderýanyň sebitinde 2022-nji ýylda ekinleriň ösüş döwründe alnan suwlaryň jemi barada, şeýle-de 2022-2023-nji ýyllarda ekinleriň ösüş döwrüniň aralygynda Merkezi Aziýa döwletleri üçin suwdan peýdalanmagyň çäkli möçberleri we derýalardaky suw howdanlarynyň iş tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de tassyklanyldy. Şeýle-de toparyň nobatdaky 84-nji mejlisiniň gün tertibi we geçiriljek ýeri kesgitlenip, mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

D.Genjiýew Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň 85-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan we USAID Garagum derýasynda suwy ölçeýji enjamy işe girizdi
Türkmenistan Merkezi Aziýadaky kriosferanyň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça sebitleýin maslahata gatnaşdy
FAO Merkezi Aziýada suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin maliýe serişdelerini bölüp berer
Merkezi Aziýanyň "ak altyny" barha arzanlaýar, daýhanlar nägilelik bildirýärler
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen AHHG-nyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbede geçirilen AHHG-nyň Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy