Aşgabatda Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça hereketleriň Maksatnamasyny (ADTM-4) işläp taýýarlamak boýunça we hukuk ulgamyndaky bilermenleriň sebit toparlarynyň ikisniň maslahaty geçirildi, olar garaýyşlaryny deňeşdirdiler hem-de sebit resminanasyny işläp düzmek we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini kämilleşdirmek boýunça çemeleşmeleri utgaşdyrdylar.
Maksatnamanyň taslamasynyň rejelenen soňky görnüşinde suwaryşy amatlaşdyrmak we bu ugurdaky innowasiýalar, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, döwletara ähmiýetli gidrotehniki desgalaryň durkuny täzelemek, Amyderýanyň ugrundaky ýerli kiçi howdanlary dikeltmek ýaly suwdan durnukly peýdalanmak boýunça çäreler toplumy bar.
Merkezi Aziýanyň howdanlarynyň gyrmança basyşynyň derejesini barlamak, derýalaryň akymynyň kadalaşdyrylyşyna baha bermek, seljerme binýatlaryny döretmek göz öňünde tutulýar.Dürli ugurlary göz öňünde tutýan ylalaşylan sebit resminamalarynyň 30-dan gowragy bar.
Jemleýji resminama Amyderýa, Syrderýa, Zarewşan ýaly serhetüsti derýalary barlamak boýunça taslama, şeýle hem Suw we bilim ekologiýa medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilen Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy toparyň taslamasy goşuldy.
Gazagystanyň wekilýetiniň ýolbaşçysy, Oba hojalyk ministrliginiň serhetüsti derýalar Departamentiniň müdirliginiň başlygy Musilim Žiýenbaýewiň belleýşi ýaly, ykdysadyýetiň dürli pudaklkarynda zeýkeş-zeýakaba suwlaryny ulanmak boýunça Türkmenistanyň teklibini göz öňünde tutýan suwdan rejeli peýdalanmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak, dikeldilýän energiýa çeşmeleri, suwarylýan ýerleriň hasyllylygyny, lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak, gidrometriki gözegçilik nokatlaryny döretmek, gidrotehniki desgalaryň ygytybarly işledilmegi ýaly sebit üçin ileri tutulýan ugurlar taslama girizildi.
Özbegistan Respublikasynyň Suw hojalygy ministrliginiň Maglumatllar-seljerme we serişdeler merkeziniň direktory Wohidjon Ahmadjanowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekilýeti Aral sebiti ekologiýa täzeçilikleriniň zolagy konsepsiýasyny teklip etdi. Onuň durmuşa geçirilmegi oba senagat toplumynda biotehnologiýalaryň ulanylmagyny we daşky gurşawa antropogen agramy azaltmagy göz öňünde tutýar.
AHEHG-nyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň ylmy-maglumatlar merkeziniň Täjigistan şahamçasynyň direktory Jalil Buzrukow söhbetdeşlikde Gaznanyň gurluşyny kämilleşdirmek meselesini gozgady. Bilermeniň belleýşi ýaly, bu meseleler 2009-njy ýyldan bäri gün tertibine girizilýän bolsa-da, diňe Türkmenistanyň başlyklyk eden döwri bolan 2018-nji ýylda we AHEHG-ni dörediji döwletleriň baştutanlarynyň sammitiniň çözgütlerine laýyklykda olary çözmeklige işjeň girişildi.
Duşuşykda täjik tarapynyň maksatlary hem-de wezipeleri anyklaşdyrmak, maliýe binýadyny döretmek, dolandyryş ulgamyny üýtgedip gurmak we hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak ýaly Gaznanyň işini kämilleşdirmegiň 4 basgançakly nusgasyny teklip edenligini bellemek gerek.
- AHEHG köpsanly dürli elementlerden ybarat ulgamdyr, şonuň üçinem suw serişdelerini goramak, sebitiň durnukly ösüşi, Aral sebitiniň ekologiýasyny gowulandyrmak üçin netijeli biýat döretmek boýunça işlerde jebis özara hereket gerek.
AHEHG-nyň işi sebitiň ösüşiniň hakyky ýagdaýyna laýyk gelmelidir diýip täjik wekilýetiniň ýolbaşçysy, Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrligniň Energetika syýasaty we suw serişdeleri, ylmy we tehnikany ösdürmek müdirliginiň başlygy Daler Abdurazokzoda nygtady.
Duşuşyga gatnaşanlar sebit we milli suw hojalyk edaralarynyň maddy-tehniki ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň, Gaznanyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň we onuň düzüm gurluşlarynyň işini kiämilleşdirmegiň zerurlygyna ünsi çekdiler.
Türkmenistanyň Suw hojalygy döwlet komitetiniň wekili Ýanow Paşyýew söhbetdeşligiň jemini jemläp, şeýle diýdi:
-Türkmenistanyň gurama başlyklyk etmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.ADTM-4-i taýýarlamakda hukuk we guramaçylyk ugurlaryny güýçlendirmäge üns berilýär.
Resminamany işläp taýýarlamak tamamlanyp barýar.Resminama girizilen, şol sanda serhetüsti jähtden milli teklipler AHHEG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň utgaşdyrmagynda ýurtlaryň içinde gutarnykly işlenilip düzüler we tassyklanylar. Ýylyň ahyryna çenli olary taýýarlamak boýunça işleriň ählisiniň tamamlanmagy-da mümkindir.
Bilermenleriň Aşgabatdaky duşuşygynyň netijesi bileikdäki işiň strategiýasyny we esasy wezipeleri durmuşa geçirmegiň görnüşiniň işlenilip taýýarlanylmagydyr. ADTM köpugurly döwletara özara hereket üçin döwrüň synagyndan geçen binýatdyr. Şu jähtden şeýle köpugurly maksatnamanyň taslamasynyň Merkezi Aziýada goşulyşma işleriniň täze tapgyrynyň seljerme nusgasy hökmünde ähmiýeti ulydyr.