Aşgabatda Agro-Pak Türkmenistan-2023 halkara sergisi açyldy

Aşgabatda Agro-Pak Türkmenistan-2023 halkara sergisi açyldy

Şu gün Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň Agro-Pak Türkmenistan-2023 atly halkara sergisi açyldy.

Açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Azyk, gaplamak we oba hojalygy bilen meşgullanýan türkmen kompaniýalarynyň 12-si hem sergide öz hyzmatlaryny we önümlerini hödürledi.

Serginiň iş wagty:

28-nji noýabr — sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 29-njy noýabr — sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 30-njy noýabr — sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.

Ýene degişli makalalar

Ertir Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açylar
Aşgabatda Gollandiýanyň kompaniýalary türkmen telekeçilerine hyzmatdaşlyk tekliplerini hödürlärler
Aşgabat şäherinde Agro-Pak Türkmenistan ― 2024 we Turkmen Food ― 2024 halkara sergileri öz işine başlaýar
Aşgabatda geçiriljek “Agro-pak” sergisi halkara kompaniýalary bir ýere jemlär
Aşgabatda Eýranyň “Iran AgroFood” atly ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler
“Agro Pack Turkmenistan 2024” sergisi halkara kompaniýalary bir ýere jemlär