28-nji oktýabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Adam söwdasyna gözegçilik etmek we garşy göreşmek boýunça müdirliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça ilçisi Sindi Daýeriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda taraplar halkara konwensiýalaryň durmuşa geçirilmegi we ynsanperwer ugurda ählumumy kabul edilen kadalar bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar ABŞ bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygy bellediler we geljegi uly ugurlar barada pikir alyşdylar diýlip, habarda bellenilýär.