12-nji aprelde Aşgabatda birbada iki sany bankyň: Türkmenistanyň Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň, şeýle hem Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ýurdumyzda halkymyzyň bank hyzmatlaryndan ösen döwrüň talaplaryna laýyklykda peýdalanyp bilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň netijesinde bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirip, kiçi we orta telekeçiligi goldamakda, täze bank hyzmatlaryny hödürlemekde, ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmakda gazanylan netijelerde banklaryň ähmiýeti uludyr. Ýurduň durnukly ösüşinde banklar möhüm orun eýeläp, öz işini pul dolanyşygynyň deňeçerligini üpjün etmäge, milli puluň satyn alyjylyk ukybyny saklamaga we döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga, ylmyň gazananlaryna esaslanyp ilata ýokary derejede täze bank hyzmatlaryny hödürlemäge gönükdirilendir.
Bilşimiz ýaly, halkymyza maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek bank ulgamy boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.Ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň ösmegi adamlaryň döwrebap hyzmatlara bolan talaplaryny barha artdyrýar. Şoňa laýyklykda, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, bank tarapyndan döwrebaplyga we täzeçillige esaslanýan hyzmatlary ýola goýmak zerurlygy ýüze çykýar.
Hut şoňa görä-de, soňky ýyllaryň dowamynda täjirçilik banklary tarapyndan bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, gymmat bahaly kagyzlaryň täze tapgyryny dolanyşyga goýberip, maliýeleşdirilmegini artdyrmak boýunça anyk ädimler ädilýär.
Dünýä tejribesinden we ilatyň isleginden ugur alyp, banklarymyz tarapyndan ýola goýulýan hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şu ugurdaky alnyp barylýan işleriň çäklerinde, sanly ulgama geçmek, sanly hyzmatlary ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işleri aýratyn bellemek gerek.
Nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini giňeldýän häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmak boýunça işler işjeň alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, bank ulgamy milli ykdysadyýeti maýa goýum serişdeleri bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup, bu ulgamyň sanlylaşdyrylmagy işewürlik mümkinçiliklerini artdyrmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, nagt däl hasaplaşyklar amallaryny ösdürmäge, hyzmatlaryň Internet-bank, Mobil-bank, Galtaşyksyz töleg, Goýum bank karty, Maşgala karty, Ýol karty ýaly täze, döwrebap görnüşlerini hödürlemäge, netijede bolsa, raýatlaryň wagtyny we harajatlaryny tygşytlamaga ýardam berýär.