Aşgabatda 19-njy awgustda Kids Expo: hemme zat çagalar üçin atly halkara sergi başlanar

Aşgabatda 19-njy awgustda Kids Expo: hemme zat çagalar üçin atly halkara sergi başlanar

19-njy awgustda Aşgabatda Kids Expo: hemme zat çagalar üçin atly halkara serge-ýarmarkasy öz işine başlar.

Çagalar sergisi ilkinji gezek Türkmenistanyň paýtagtynda guralýar we onuň çagalar harytlary we hyzmatlary pudagynda möhüm waka öwrüljekdigini aýtmak gerek.

Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde berilýän habara görä, sergi-ýarmarka Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygyndaky salgyda, Garagum myhmanhanasynyň aňyrsyndaky sergi meýdançasynda geçiriler.

Serginiň açylyş wagty:

19-njy awgust — 08:30-dan 20:00-a çenli; 20-nji awgust — 10:00-dan 20:00-a çenli; 21-nji awgust — 10:00-dan 20:00-a çenli; 22-nji awgust — 10:00-dan 15:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 39-88-70, 39-88-84 (83) (82).

Mundan ozal türkmen kompaniýalarynyň çagalar harytlarynyň ilkinji halkara sergi-ýarmarkasyna çagyrylandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Röwşen aýakgaplary Kids Expo: ähli zat çagalar üçin atly sergide önümlerini tanyşdyrýar
Göreldeli bilim merkezi abraýly franşizalara kabul edişlik yglan edýär
Aşgabatda “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarka geçiriler
Aşgabatda Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär
Teýlor Swift aýdymlary iň köp satylýan aýdymçy boldy
Däp egin-eşik brendi Aşgabatdaky täze dükanynda baýramçylyk art-kolleksiýasyny tanyşdyrdy