Aşgabat ýurdumyzyň ýüregi

14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.

Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda hem-de Arkadag şäheriniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň barşyny synlady. Şunda adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şol sanda amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Paýtagtymyzda dürli maksatly binalaryň gurluşyklary bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär.

Aşgabadyň günbatar böleginde, hususan-da, Gurtly we Köşi ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan has oňaýly ýaşaýyş jaýlary guruldy.Bu toplumlarda ugurdaş durmuş desgalarynyň bina edilmegine aýratyn üns berildi.

Belentlikden şäheriň bu künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi aýdyň görünýär.Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler hem yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Aşgabadyň günbatar künjegine tarap ugur aldy. Hormatly Prezidentimiz guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäklerinde gurlan dürli maksatly binalary, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we häzirki döwürde gurluşygy batly depginde dowam edýän toplumlarda alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlap, olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň ýokarsynda öwrüm etdi. Häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň işlerine badalga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň köpugurly ösdürilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň hojalyk düzümini mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, täze şäheriň çägini giňeltmek boýunça Karar kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagy tabşyrdy.

Uçuşyň dowamynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň beýik geçmişiniň şaýady bolan Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý galasyny synlady. Bu ýerde degişli rejeleýiş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden kuwwatly döwletleri baradaky maglumatlaryň geljek nesillere ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Giň gerimli täzeçil taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, saglygy goraýyş ulgamynda öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşilmegi netijesinde paýtagtymyzda ugurdaş desgalaryň iri toplumy döredildi. Munuň özi döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň saglygy baradaky aladanyň ýurdumyzyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň we Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ýokarsynda öwrüm etdi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarynyň üstüni ýetirjek täze merkezleriň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz uçuş mahalynda şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlap, ýerine ýetirilýän giň möçberli işlerde Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilimli we kämil hünärli bolmaklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, häzirki döwürde hereket edýän Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, Güneşli ady bilen bina ediljek täze merkeziň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz täze toplumyň gurluşygyna örän jogapkärli çemeleşmelidigini belläp, onuň bina ediljek ýerini kesgitledi we degişli halkara bäsleşigi yglan etmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu merkez Aşgabadyň gözel ýerleriniň birinde, tämiz howaly ajaýyp künjeginde, arassa ekologik gurşawyň jümmüşinde gurlar we çagalaryň durmuşyna şatlyk bagyşlar.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýaşlaryň halal zähmete, netijeli işlere we çeper döredijilige bolan höwesiniň ýokarlanmagynda ähmiýetlidigini belläp, bu ugra degişli binalaryň gurluşygynda çagalaryň zähmet endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen düzümleriň döredilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini nygtady. Munuň özi şahsyýetiň döwrebap bilimli-terbiýeli we zähmetsöýer bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Häzirki wagtda ak mermerli Aşgabadyň ähli künjekleri sazlaşykly ösdürilýär. Şunda durmuş ulgamyna degişli desgalaryň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. Şeýlelikde, şäheriň günorta künjegindäki Parahat ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde şeýle desgalaryň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde, paýtagtymyzyň ekologik abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilip alnyp barylýan işleriň netijesinde döredilýän ýaşaýyş toplumlarynyň desgalary bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza Parahat ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylyşy hem-de Aşgabadyň şu künjeginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň depgini bilen tanşyp, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.Munuň özi Döwlet adam üçindir!diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Paýtagtymyzyň ýaşaýyş toplumlarynda gurulýan desgalar we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary aşgabatlylar üçin ajaýyp sowgatdyr.Munuň özi şähergurluşyk strategiýasynda durmuş ugrunyň ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýerini kesgitledi
Aşgabatda Güneşli atly Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýeri kesgitlendi
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky we onuň töwereklerindäki gurluşyk işleri bilen tanyşdy
Türkmenistan awiakompaniýasy totgadylmadan soň Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy
Özbegistan we Saud Arabystany howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmakçy