Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda

Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda

Mälim bolşy ýaly, 2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň merkezi edarasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, şol gün — Şäherleriň bütindünýä gününde paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Dizaýn ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi babatda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Şoňa görä-de, ÝUNESKO-nyň 31-nji oktýabrda — Şäherleriň bütindünýä gününde kabul eden çözgüdi çuňňur mana eýedir.

Ýene degişli makalalar

Togg 40 Müňe Golaý Adama Satyldy
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyny ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy, Türkmenistanda galtaşyksyz töleg hyzmaty giriziler, Özbegistanda Türkmen halylarynyň milli muzeýiniň açylyşy boldy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady