Türkmenistanyň paýtagty ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda (UCCN) Dizaýn kategoriýasyna goşuldy. Bu barada Guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Aşgabat şäheri dünýäniň medeni pudagyň ösüşine goldaw bermek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän beýleki 54 şäheri bilen birlikde UCCN-iň bir bölegine öwrüldi. Muny ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule mälim etdi.
Täze şäherler ösüş strategiýalarynyň bir bölegi hökmünde medeniýeti we döredijiligi ulanmaga hem-de ynsanperwer şäher meýilnamasynda innowasiýa tejribesini görkezmäge berk ygrarlylygy üçin ykrar edildi diýlip, ÝUNESKO-nyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory Senetçilik we halk döredijiligi, Dizaýn, Film, Gastronomiýa, Edebiýat, Mediýa sungaty we Aýdym-saz ýaly ýedi döredijilik ugrundaky 350 şäheri öz içine alýar.
Tora girýän şäherler 2024-nji ýylyň 1 — 5-nji iýuly aralygynda Portugaliýada Geljekki on ýylda ýaşlary gepleşikler stolunyň başyna getirmek atly mowzuk boýunça geçiriljek ÝUNESKO-nyň ýyllyk konferensiýasyna gatnaşmaga çagyrylar.