Aşgabat wokzalyna gelýän ýolgaçylar ýeňseki platformalaryň amatly geçelgeleriniň we düşülýän panduslarynyň bolmazlygyndan şikaýat edýärler.
Paýtagt wokzalyna gije-gündiziň dowamynda sekiz sany ýolagçy otlusy gelýär, olaryň ählisi dört sagadyň dowamynda ir sagat 4:42-den 8:57-ä çenli gelýär. Ýagdaý şeýle bolansoň, otlularyň köpüsi ikinji platforma gelýär we bu ýerden wokzala diňe ýerasty ötük bilen çykyp bolýar.
Bu ýerdäki kynçylyk geçelgede liftiň, eskalatorlaryň ýa-da ýapaşak düşelgäniň pandusyň bolmazlygy bilen bagly. Bu ýagdaý diňe garrylar, çagaly aýallar we maýyplar üçin däl, hatda ýüki bolan erkek adamlar üçin-de uly kynçylyk we amatsyzlyk döredýär.
“Birki ýyllykda wokzalyň territoriýasyny gaýtadan gurdular, emma görnüşinden bu problemany hiç kim çözjek bolmaýar, gaýta ýagdaý has-da erbet boldy!
Indi, wokzalyň öňündäki ýoly giňeldenlerinden soň, ýoluň beýle ýüzündäki duralga barmak üçin ýerasty ötükden geçmeli.Emma bu ýerde hem ne lift, ne-de pandus bar!” diýip, ýolagçylar “Türkmenistanyň Hronikasy” bilen söhbetdeşlikde zeýrendiler.
Hususy taksiçilere we myhman garşylaýanlara wokzalyň öňünde saklanmak gadagan, duralga bolsa awtobus duralgasynyň ýerleşýän ýerinde ýerleşýär.
Onsoň bu ýagdaýda hem ýerasty ötükden sowa geçip bolmaýar.
Belleýäris, TH-nyň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistandaky maýyp adamlar günde diýen ýaly dürli durmuş kynçylyklaryna sezewar bolýar.
Maýyp arabasynda ýol aşmaly bolýan adamlaryň şäherde barjak ýerine päsgelçiliksiz baryp bilmegi mümkin däl: ýanýollary baryp diwara direýär, pyýada geçelgeleri beýik köçe erňegi bilen tamamlanýar, ýerasty ötükler bolsa panduslar we liftler bilen üpjün edilmedik.