Aşgabat we Tokio Merkezi Aziýa — Ýaponiýa formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlanýar

Aşgabat we Tokio Merkezi Aziýa — Ýaponiýa formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlanýar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Takesi Iwaýa bilen Merkezi Aziýa — Ýaponiýa formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Ministrler iň ýokary derejedäki syýasy gepleşiklere esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek indiki syýasy geňeşmeleriň gün tertibi barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, taraplar söwda we ykdysady ugurda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, ýapon kompaniýalarynyň, esasan hem, ýaşyl energetika, dekarbonizasiýa, gaz himiýasy ýaly ugurlarda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi mälim edildi. Bu babatda bilelikdäki komitetleriň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle-de söhbetdeşler Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gatnaşmagynda ýakynda geçiriljek wakalar, şol sanda türkmen wekiliýetiniň Osakada geçiriljek EKSPO 2025 Bütindünýä sergisine gatnaşmagy barada pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Türkmenistan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy
EKSPO 2025 Bütindünýä sergisinde gurnaljak Türkmenistanyň Milli pawilýony tanyşdyryldy
Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy
Türkmen kompaniýalary “Tourism Expo Osaka 2023” sergisine gatnaşdylar
Türkmenistan EKSPO 2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Milli gününi geçirer