Aşgabat we Er-Riýad diplomatik gepleşikleri alyp barýarlar

Aşgabat we Er-Riýad diplomatik gepleşikleri alyp barýarlar

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýew ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Walid bin Abdulkarim Al-Huraiji bilen duşuşdy. Duşuşyk ministrligiň Er-Riýaddaky binasynda geçirildi.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli taraplaryny we umumy bähbitleri kanagatlandyrmak üçin ony ösdürmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Saud Arabystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, taraplar özara gyzyklanýan temalar boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Ýeri gelende bellesek, ýaňy-ýakynda Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Patyşalygyň Milli güni bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmen banky bilen Saud ösüş gaznasy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystanyna sapary
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystanyna sapary
Er-Riýadda türkmen-saud syýasy geňeşmeleriniň dördünji tapgyry geçirildi
Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”