Aşgabat we Balkanabat Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň ilkinji ýarym finalynyň oýunlaryny kabul eder

Aşgabat we Balkanabat Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň ilkinji ýarym finalynyň oýunlaryny kabul eder

12 we 13-nji dekabrda Türkmenistanyň futbol boýunça Kubogynyň ilkinji ýarym finalynyň oýunlary geçiriler diýip, TFF-sy habar berýär.

12-nji dekabrda, penşenbe güni, Nebitçi Balkanabatda öz meýdançasynda Arkadag toparyny kabul eder. Oýnuň başlanýan wagty ýerli wagt bilen 14:00-da. Ertesi güni, 13-nji dekabrda Aşgabatda Ahal topary Altyn Asyr bilen duşuşar, oýun Nusaý stadionynda 15:00-da başlar.

Jogap oýunlary takmynan bir hepdeden soň 20-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi Arkadag toparydyr.

Türkmenistanyň Kubogy. Ýarym final. Ilkinji oýunlar:

Ýene degişli makalalar

14-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
“Arkadag” topary Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyna mynasyp boldy
Aşgabatda öýlere çekilen WiFi Internet aragatnaşygynyň hili ýaramazlaşdy
Türkmenistanyň futbol çempionaty Energetiksiz dowam eder
27-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti