Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen aralygynda işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen aralygynda işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran Kararyna laýyklykda şol ýylyň 24-nji ýanwarynda gurluşygynda badalga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 1-nji tapgyry, ýagny Aşgabat — Tejen aralygynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada Rysgal gazetinde habar berilýär.

Bu ýokary tizlikli, halkara derejeli ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometr çemesi bolup, 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Ol tehniki taýdan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomagistral derejesindedir. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi 3,75 metr.

Awtobanyň gurluşygynda öňdebaryjy tehnikalar hem-de innowasion tehnologiýalar ulanylýar, işiň hiline aýratyn üns berilýär.Onuň uzaboýuna işler tapgyrma-tapgyr dowam edýän Altyn nesil, Edermen hojalyk jemgyýetleri, Ata Melhem hususy kärhanasy Türkmen Awtoban ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdar-potratçylarydyr. Ýol gurluşygynda ýörite tehnikalaryň we awtoulaglaryň 2 müň 500-e golaýy işledilýär, gurluşykçylaryň müňlerçesi yhlasly zähmet çekýär.

Awstriýanyň VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH kompaniýasy maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Ýoluň Aşgabat — Tejen aralygynyň uzynlygy 203 kilometrdir.Onuň uzaboýuna toprak, geotekstil düşeklerini ýazmak, çagyl-çäge garyndysyny düşemek işleri ýerine ýetirildi.Inženerçilik talaplaryna laýyklykda, 1-nji hem-de 2-nji dag daş düşeginiň hersiniň galyňlygy 30 santimetr bolup, 3-nji hem-de 4-nji gatlara degişlilikde 20 santimetrden düşeldi, ýagny daş-çagyl düşeginiň jemi galyňlygy 1 metre barabardyr.

Soňra 3 gat — 1-nji gatyna 10 sm, 2-nji gatyna 7 sm, 3-nji gatyna 5 sm galyňlykda asfalt düşeldi.

Şu aralykda dürli görnüşli köprüleriň, ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedlerdir (uly ýola münelge-düşelgeler) monolit köprüleriň gurluşyklary doly ýerine ýetirildi.Düri ölçegdäki suw geçirijileriň 76-sy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-sy, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-si guruldy.

Demir päsgelçilik germewi hem-de daşky gorag gözenegi çekildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin halkara standartlara laýyk çyzgylar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirildi.Ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary we ýangyç guýujy beketler guruldy. Şeýle-de ýol ugrunda uly we kiçi töleg terminallary ornaşdyrylýar.

Gözegçilik, aragatnaşyk we dolandyryş ulgamy döwrebap enjamlaşdyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanly alymlara ýowşanyň efir ýagyndan ýasalan melhem üçin patent berildi
Aşgabadyň hususy dermanhanalarynda dermanlaryň nyrhlary görkezilmeýär
24.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti durmuş maksatly täze desgalaryň toplumynyň açylyşyna gatnaşdy