Aşgabatda ýerleşýän Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplary umumy ýaşaýyş jaýyndaky artýan talaplaryň özleriniň bilim almagyny barha agyrlaşdyrýandygyny aýdyp, olara nägilelik bildirýärler.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan talyplaryň ençemesi bu talaplaryň ilkinjileriniň hatarynda özlerine özbaşdak nahar taýýarlamagyň gadagan edilmegini we özlerinden yzygiderli ýygnalýan pullary agzaýarlar.
“Bize, mekdep müdiriniň ýörite buýrugy esasynda, özbaşdak nahar bişirmek gadagan edilýär. Talyplar naharlanmak üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň naharhanasyndan, talyp stipendiýasyna laýyk gelmeýän gymmat bahadan, nahar satyn almaga mejbur edilýärler” diýip, mekdebiň bir talyby aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, talyplaryň alýan aýlyk stipendiýasy 700 manada barabar. Umumy ýaşaýyş jaýynyň naharhanasynda satylýan naharlaryň bahasy 20-30 manat aralygynda üýtgeýär:
“Bir talyp ertirlik, günortanlyk we agşamlyk nahary üçin günde azyndan 50 manat sarp etmeli bolýar. 50-ni 30 güne köpeldeniňde 1500 manat bolýar.Bu talyplar üçin juda gymmat bolýar.
Köp talyp ene-atasyndan alýan pulunyň hasabyna ýaşasa, köp talyp talaba laýyk iýmitlenip bilmeýär, ýagny günde diňe bir gezek naharlanýar.Bu olaryň saglygyna hem ýaramaz täsir edýär” diýip, mekdebiň başga bir talyby aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, özbaşdak nahar taýýarlamak gadagançylygy mekdebiň täze binasyna göçülende, ýagny 2021-nji ýylda tapgyrlaýyn esasda güýje girizilip başlandy. Ýöne ilkinji ýyllarda talyplara umumy ýaşaýyş jaýynyň naharhanasynda ýeňillikli bahadan nahar satylýardy.
“Wagtyň geçmegi bilen naharlaryň bahasy gymmatladyldy.Häzir olaryň bahalary mekdebiň daşyndaky nyrhlardan hem gymmat.Talyplaryň mekdebiň daşyna erkin çykmakdan mahrum edilýändigi sebäpli, olar mekdebiň daşynda naharlanmak mümkinçiliginden hem mahrum bolýarlar.
Sebäbi talyplar mekdebiň daşyna çykmak üçin bir gün öňünden müdiriň adyna arza ýazyp, synp ýolbaşçysyna gol çekdirmeli.Arza müdir tarapyndan kanagatlandyrylan halatynda, talybyň mekdebiň çägini terk etmegine rugsat berilýär” diýip, talyp belledi.
Remi metbugata görä, 2021-nji ýylyň martynda açylyp ulanylmaga berlen mekdebiň binasynda 500 okuwça niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýy, 400 orunlyk naharhana bar.
Mekdebiň resmileri talyplara berýän maglumatynda özbaşdak nahar bişirmek gadagançylygynyň sebäbini “nahar bişirmek üçin niýetlenen elektrik enjamlarynyň ýangyn howpludygy” bilen düşündirýärler.
Ýöne talyplar munuň sebäbiniň naharhananyň müdiriň garyndaşlary tarapyndan dolandyrylýandygy we ondan gelýän girdejiniň ikisiniň arasynda paýlaşylýandygy bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.
Talyplar özlerinden her iki hepdede bir gezek, käte-de her hepde dürli maksatlar üçin pul ýygnalýandygyny aýdýarlar.
“Bu pullar umumy ýaşaýyş jaýynyň otaglarynda, girelgelerinde, koridorlarynda wagtyň geçmegi bilen köýýän çyralary satyn almak, hajathanalaryň we hammamlaryň hatardan çykýan krantlaryny abatlamak ýa-da täzelemek üçin ýygnalýar. Talyplar otaglarda we girelgelerde çat açan ýa-da döwlen penjiräniň aýnasyny hem öz hasaplaryna satyn almaly bolýarlar” diýip, talyp bu ýagdaýlaryň özleriniň bilim almak mümkinçiliklerini barha agyrlaşdyrýandygyny belledi.
Azatlyk bu aýdylanlar barada teswir almak üçin 19-njy aprelde mekdebiň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgisine jaň etdi. Ýöne redaksiýanyň yzygiderli eden synanyşyklary oňyn netije bermedi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi we paýtagtyň Bilim bölümi bilen hem habarlaşyp bolmady.
Türkmenistanyň bilim pudagy, soňky onýyllyklarda yglan edilen ençeme özgertmä garamazdan, ýurtda giň ýaýran korrupsiýanyň esasy ojaklarynyň biri bolmakda tankytlanýar.
Habarçylarymyz para-berimiň ýaşlaryň ýokary okuw jaýlaryna, orta hünär mekdeplerine, okuwçylaryň mekdeplere we körpeleriň çagalar baglaryna girmek prosesinde möwjeýändigini, munuň çagalar we ýaşlar bu edaralara ýerleşenden soňra-da dowam edýändigini ençeme gezek habar berdiler.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada gürrüň gozgamaýarlar.
“Transparency International” guramasynyň 2023-nji ýyl boýunça soňky korrupsiýa indeksinde Türkmenistan ýene-de yzdaky orunlaryň birini, has anygy, aşakdan onunjy ýeri eýeledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.