Aşgabat-siti 744 gektar meýdanda gurlar

Aşgabat-siti 744 gektar meýdanda gurlar

Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde umumy meýdany 744 gektar bolan, binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alýan Aşgabat-siti ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy iri innowasion taslamadyr.Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1 200 orunlyk dört sany mekdebe çenli çagalar edaralary, 3 000 orunlyk umumy bilim berýän dört sany mekdep, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalary, köpugurly hassahana, iki sany saglyk öýi, 5 000 orunlyk stadionly sport toplumy hem-de durmuş ulgamyna degişli beýleki binalar we desgalar gurlar.

Bu taslamany durmuşa geçirmekde esasy gollanma bolup Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen Prezident Maksatnamasy hyzmat eder diýip, Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan himiýa senagatyny ösdürmekde “Daewoo E&C” kompaniýasynyň tekliplerine seretmäge taýýar
2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy taýýarlanylar
Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar
Alekseý Teksler Aşgabatdaky Günorta Uralyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi atly maslahat geçirildi