Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary her gün ýerine ýetiriler

Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary her gün ýerine ýetiriler

Türkmenistanyň käbir şäherlerine ýolagçy otlylarynyň gatnawlary artdyryldy. Gatnawlar indi ozalky ýaly adaty tertibinde amala aşyrylýar.

Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça-da otly gatnawlary her gün ýerine ýetirilýär. Mundan ozal, gatnawlar günaşadan amala aşyrylýardy.

Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň berýän habaryna görä, 16-njy aprelden Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat ugruna hem ýolagçy otly gatnawlary gündelik ýola goýuldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 19-njy aprelden Türkmenabat — Gazojak — Türkmanabat ugry boýunça-da gatnawlar her gün ýerine ýetiriler.

Gatnaw tertibi bilen Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web-saýty arkaly giňişleýin tanşyp bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

Käbir şäherlere otly gatnawy artdyryldy
Hindistanyň günorta-gündogaryny Fengal tupany basdy
Türkiýede biosfera ätiýajynyň bardygyny bilýäňizmi?
Halkara Awtomenzil — Hazar ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy
Domodedowo howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi
Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary dikeltdi