Aşgabat sahnasynda Masgarabazlar operasy görkezildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Rujero Leonkawallonyň Masgarabazlar operasynyň premýerasy üstünlikli geçdi.Tomaşaçylaryň arasynda III Halkara teatr festiwalyna gatnaşýanlar-da bardy. ...Meşhur giriş sazy ýaňlanýar, perde galdyrylýar, sahnada kiçeňräk italýan obasynyň keşbi janlanýar, oba arabada sergezdan wäşiler gelýärler.

Ilat gezende aktýorlar bilen salamlaşýar.Toparyň hojaýyny Kanio adamlary agşam boljak oýna çagyrýar.Masgarabaz Tonio Kanionyň aýaly Nedda arabadan düşmäge kömek etjek bolýar, ýöne Kanio aýalyny gabanyp, Toniony itekläp goýberýär.

Owadan gyzyl köýnekli, saçyna gül dakynan Neddanyň bir özi galýar. Çemini tapan Tonio oňa söýgüsini beýan etjek bolýar, emma zenan ilki onuň üstünden gülýär, soňra bolsa gamçy bilen saýgylaýar.

Tonio kemsidileni üçin ondan ar almaga ant içýär.Bu obada Neddanyň magşugy Silwio ýaşaýar.Gabanjaň Kanio aýalynyň özüne ikilik edýändigini aňýar, onuň kimdir biri bilen duşuşmaga wada edendigini eşidenden Neddadan oýnaşynyň kimdigini aýtmagy talap edýär.

Toparyň agzasy Beppo olaryň gyzan dawasynyň arasyny bölüp, oýna taýýarlanmalydygyny aýdýar.Ikinji sahnadan öň orkestr intermessosy çalynýar.Oba ilaty oýun görmäge ýygnanýar.Sahna eserine görä, Kolombina oýnaşy Arlekino bilen agşamlyk edinip otyrka, onuň adamsy Masgarabaz öýüne geýär (Kolombinanyň keşbini Nedda, Arlekinonyňkyny Beppo, Masgarabazyň keşbini Kanio döredýärler).

Arlekino äpişgeden çykyp ýetişýar...Oýnuň ýordumy Kanio öz durmuşyny ýatladýar.Bu hem onuň aklyny çaşyryp, roluny doly oýnamaga päsgel berýär.Kanio egnindäki lybasyny sypyrýar-da: Ýok!

Men masgarabaz däl!-diýip gygyrýar.Kanionyň dälirändigine düşünselerem, Nedda bilen Tonio oýny dowam edýärler. Şol pursat Tonio Neddanyň özüni kemsidenligi üçin ondan ar almak isläp, Kanionyň eline assyrynlyk bilen pyçak tutdurýar.

Kanio aýalyny öldürýär.Tomaşaçylaryň arasynda oturan Silwio ylgap sahna çykýar welin, aklyndan azaşan Kanio ony hem öldürýär...Kanio tomaşaçylara tarap öwrülýär-de, ýuwaşja: Komediýa gutardy -diýýär.Soňky saz frazalary kesilen dessine tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmasy başlandy.

Sahna oýna gatnaşanlaryň ählisi, şol sanda orkestriň sazandalary we hor aýdymçylary çykdylar, tomaşaçylar olary gül desseleridir el çarpmalar bilen mübäreklediler.Tomaşaçylar operany goýan režisýor Daniele de Plano we masgarabaz Kanionyň keşbini ussatlyk bilen döreden tenor sesli Françesko Anile aýratyn hoşallyk bildirdiler.

Daniele de Plano tomaşaçylara ýüzlenende Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestre ussatlygy we opera äleminde iň meşhur eseriň owazlaryny takyk ýerine ýetirendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.Konsertmeýster Stella Faramazowanyň adyna aýratyn hoşamaýlyk sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda görkezilen türkmen-italýan operasy 'sungatyň adamlary birleşdirýändigini' görkezdi
Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
19.11.2019 | Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy
Garaňky kaniony
Tehnologiýanyň taryhyndan Ýan kompýuter
Walla Kaniony