Aşgabat şäheriniň golaýynda Gala medeni-dynç alyş merkezi işläp başlady

Aşgabat şäheriniň golaýynda Gala medeni-dynç alyş merkezi işläp başlady

Türkmenistanyň iň bir gözel künjeginiň biri bolan Köpetdagyň goýnunda ýerleşýän Gala medeni-dynç alyş merkezi şu ýylyň 1-nji maýyndan myhmanlar üçin gaýtadan işläp başlady.

Bu merkeze gelýän myhmanlar tebigatyň özboluşly gözelliginden lezzet alarlar. Aýratyn hem Gala medeni-dynç alyş merkezi ýaz hem-de tomus pasyllarynda has-da gözel bolýar.

3,21 gektar ýerde ýerleşýän Gala medeni-dynç alyş merkezi Köpetdagyň etegine golaý ýerleşýär, munuň özi onuň aýratyn özüneçekiji bolmagyna täsirini ýetirýär. Bu ýere gelýänler diňe bir oňat dynç almak hem-de wagtyňy gyzykly geçirmek bilen çäklenmän, ýerli tebigat gözelliklerini synlap, tämiz dag howasyndan dem alarlar.

Bu ýerde wagtyňy şadyýan geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Şeýlelikde, Gala medeni-dynç alyş merkezinde maşgala bolup dynç almak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.

Şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerlerini bezeg işleriniň her bir bölegine döredijilikli çemeleşilendigi görünýär.Bu ýerde gündogar äheňlerinde ýerine ýetirilen telärler bar, pyýadalar üçin ýodajyklar, ýaşyl zolaklar hem bar.

Bu ýerdäki çeşmejik we emeli şaglawuk ýerli künjegiň aýdyň bezegine öwrüldi.Kiçijik heýkeltaraşlyk eserleri hem ünsi özüne çekýär.Bu ýerde birnäçe ýönekeý arkalar bilen bezelen toý tutýan ýaşlar üçin ýürek şekilindäki ýadygärlik surata düşmek üçin niýetlenen täsin künjek bar.

Iki gatly binada Jülge, Gökdere, Dagdan we Gaýa, Balyk atly restoranlar hem-de toý dabaralaryny geçirmek üçin Depe toý mekany ýerleşýär.Bu ýerde myhmanlara ýokary hilli hyzmat kepillendirilýär hem-de islendik görnüşli tagamlaryň giň toplumy hödürlenilýär.

Olaryň arasynda tejribeli aşpezleriň taýýarlajak türkmen milli tagamlary aýratyn orun eýeleýär.Restoranlarda dynç almaga gelýänler üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan amatly ýagdaý döredilendir.

Belläp geçsek, Gala medeni-dynç alyş merkezi 2017-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň eks-prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi.

Merkez irden sagat 10:00-dan agşam 22:00-a çenli işleýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

Ýene degişli makalalar

Katmer: Aşgabada eltip bermek hyzmaty bilen köpdürli türk süýjülikleri
Balkanda welaýat derejesindäki “soňky jaňa” diňe türkmen milletinden bolan uçurymlar gatnaşdyrylýar
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Soltan Aşgabadyň islendik ýerine tagamlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Oýun meýdançasy bolan Soltan Loft restorany çagalar baýramçylyklaryny ýokary derejede guraýar
Berkarar SDAM-daky Soltan restorany tort taýýarlamak boýunça sargytlary kabul edýär