Golaýda Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň 3-4-nji synp okuwçylarynyň arasynda surat çekmek bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ― diýip, Nesil gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen bäsleşige Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinden saýlama tapgyrda ýeňiji bolan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.Jemleýji tapgyrda jemi 20 okuwçy kesgitlenen wagt aralygynda reňk bilen natýurmort çekmek boýunça özara bäsleşdiler.
Bäsleşigiň şertine görä, merkezde ýerleşdirilen natýurmorty ähli aýratynlyklary bilen talabalaýyk şekillendirmek üçin okuwçylara 3 sagat wagt berildi. Şeýlelikde, ýaşajyk suratkeşler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Ýerine ýetirilen işler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we TDÇA-nyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebiniň wekillerinden düzülen eminler topary tarapyndan gözden geçirilip, ýeňijiler kesgitlendi.Bäsleşigiň netijeleri boýunça Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Medine Meredowa we Batyr Döwranow 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şol mekdebiň okuwçysy Sanjar Sylapow we Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Nurmuhammet Merdanow 2-nji orna, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Ogulbagt Aşyrowa hem-de 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Güljemal Annamyradowa 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 6-njy çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Aýsoltan Garagoçowa we Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Aýlar Merdanowa höweslendiriji baýrak bilen sylaglandylar.
Bäsleşikde ýeňiş gazanan okuwçylara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.