
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi Aramow Abdymuhammet Begmyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, eýeleýän wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün --- 9-njy fewralda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.