Aşgabat şäherinde Teleradioýaýlymlar merkezine çenli täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

Aşgabat şäherinde Teleradioýaýlymlar merkezine çenli täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

Täze gatnaw ugry Türkmenawtoulaglary agentligi Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň işgärleri üçin ýola goýuldy diýip, awtoulag kärhanasynyň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet teleradio düzüminiň işgärlerine 7-nji maýda sowgat berlen awtobuslar her gün 78-nji gatnaw ugry boýunça Teleradioýaýlymlar merkezinden Köpetdag şaýoluna we ol ýerden yzyna hereket eder.

Gatnaw hyzmatyndan ähli isleg bildirýänleriň peýdalanyp biljekdikleri, töleg üçin bolsa awtobuslaryň stansionar walidatorlar bilen üpjün edilendigi bellenilýär.

Şäheriçi awtobus gatnawlarynyň tertibi barada anyk maglumatlar bilen "Duralga" mobil goşundysynda tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň günorta-gündogaryny Fengal tupany basdy
Aşgabat — Serhetabat — Aşgabat ugry boýunça otly gatnawlary her gün ýerine ýetiriler
Türkiýede biosfera ätiýajynyň bardygyny bilýäňizmi?
Halkara Awtomenzil — Hazar ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy
Domodedowo howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi
Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary dikeltdi
Uçarda 5G hyzmatyna rugsat berler