Aşgabat: Parahat -1, 2 etrapçalaryna barýan ýollar beton böwetler bilen petiklendi

Aşgabat: Parahat -1, 2 etrapçalaryna barýan ýollar beton böwetler bilen petiklendi

Aşgabadyň Parahat -1 we Parahat -2 etrapçalaryna barýan ýollaryň tas ählisi awtoulaglaryň geçmezligi üçin uly beton böwetler bilen petiklendi. Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri etrapçalara barýan ähli ýollarda beton plitalary oturtmak işiniň 8-nji awgustda berjaý edilendigini habar berýärler.

10 gün çemesi mundan ozal V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän bu mikroraýonlaryň daşyna beýikligi 1,5 mertlik gözenekli demir haýat aýlanypdy, bu ýere barýan dört sany uly köçe, ýagny Saparmyrat Türkmenbaşy, Garaşsyzlyk, 10 ýyl Abadançylyk’ we Atamyrat Nyýazow köçeleri ýapylypdy.

Soňky günlerde etrapçalara awtoulagly barmaga mümkinçilik beren iki sany köçäniň 8-nji awgustda ýapylandygyny Azatlygyň çemesi adynyň efirde tutulmazlyk şerti bilen habar berdi.

“Aşgabat şäheriniň Parahat -1 we Parahat -2 etrapçalaryna Andalyp köçesinden girilýän esasy iki köçe bardy. Olar Ýaşlyk’ we Ýunus Emre köçeleri. Geçen hepdäniň bäşinji gününden başlap, olarda-da uly beton bölekleri ýerleşdirildi. Şeýle-de, mikroraýonlara barýan 30-35 çemesi beýleki kiçi köçeleriň ählisine hem beton bölekleri ýerleşdirildi” diýip, ýerli ýaşaýjy habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Parahat -1 we Parahat -2 etrapçalara barýan ýollarda beton plitalaryň goýulmagyndan soň, etraplara hiç bir awtoulagyň, şol sanda merhumy alyp gitjek ýörite awtoulagyň hem girip bilmändigini aýdýarlar.

Efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýerli ýaşaýjylaryň ýene biri geçen dynç günleriň dowamynda agzalan etrapçalarda azyndan üç adamyň aradan çykandygyny habar berdi.

“Parahat-1 mikroraýonynda, Ýaşlyk köçesinde şenbe güni bir adam aradan çykdy. Ýekşenbe güni Mir bazarynyň gündogar we günbatar tarapdarynda Parahat-2/1 etrapçasynyň 13-nji jaýynda we 68-nji jaýynda iki adam dünýäsini täzeledi.

Olaryň jynaza namazyny okatmak üçin, bir-iki sany mollany tapyp getirdiler.Jynaza okamaga gelýänleriň ählisi-de ýaşuly admalar.Olaram pyýadalap, Andalyp köçesinde awtoulagdan düşüp, 1,5-2 kilometr ýöremeli, sebäbi merhumlaryň jynazasy üçin metjitden gelýän awtobuslar goýberilenok.

Merhumyň tabydy ýüklenjek awtoulag hem, jaýlamak üçin gonamçylyga gitjek adamlaryň awtoulaglary hem goýberilenok” diýip, Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşi aýtdy.

Şeýle-de, ol anna güni polisiýanyň Parahat-2 etrapçasynyň ähli ýerine aýlanyp, hususy awtoulaglary çykarandygyny aýtdy.

“Men dynç günlerinde etrapçada ýekeje-de awtoulag görmedim” diýip, söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Käbir ýaşaýjylar agzalan sebitde ýerleşen 1-nji Saglyk öýüniň geçen anna güni birnäçe ýaşaýjynyň Tiz kömek soramak üçin eden jaňlaryna ulag ibermekden boýun gaçyrandygyny Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir çeşmesiniň 11-nji sentýabrda habar bermegine görä, duşenbe güni Andalyp köçesinden Ýaşlyk’ köçesine barýan ýolda awtoulag dyknyşygy emele gelipdir.

“Andalyp köçesinden Ýaşlyk’ köçesine öwrülýän ýerde ençeme awtoulagyň durandygyny we käbiriniň geçip gidýändigini görse bolýar” diýip, Parahat-1 etrapçasynyň ýene bir ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Parahat -1 we Parahat -2 etrapçalaryna barýan ýollaryň ýapylmagyna degişli düzgünleriň jikme-jikleri we bu çäräniň haçana çenli dowam etdiriljekdigi hakynda, Aşgabadyň resmilerinden düşündiriş alyp bolmady.

Häzirki wagtda Aşgabadyň agzalan etrapçalarynda ýaşaýan adamlaryň sany barada resmi maglumat elýeterli däl. Türkmenistan 2012-nji ýylda geçiren resmi ilat ýazuwyndan netijelerini şu çaka çenli hem mälim etmän gelýär. Emma Türkmenistanyň resmileriniň Aşgabadyň ilat sany boýunça iň soňky gezek 1989-njy ýylda yglan eden maglumatyna Parahat -1 we Parahat -2 mikroraýonlarynda jemi 40 müň çemesi adamyň ýaşaýandygy habar berilipdi.

Aşgabatda köçe ýol hereketi Aziýa oýunlaryna resmi taýýarlyklar bilen baglylykda 1-nji sentýabrda çäklendirilipdi.

Munuň öňüsyrasynda Aşgabatda awtobus gatnawynyň seýrekländigi, köçelerde öň görlüp-eşidilmek derejede ulag dyknyşyklarynyň emele gelendigi habar berlipdi.

Aşgabatda 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýurduň taryhynda iň uly sport çäresi bolar we oňa öň görülip-edilmedik möçberde daşary ýurtly myhmanlaryň geljegi çak edilýär. Türkmen häkimiýetleri ýurduň daşyndan onlarça müň adamyň gelmegine garaşýandygyny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen sosial media ulanyjylary özbek bloggerleriniň 'keç ykbalyndan lapykeç bolýar'
Hindistanyň günortasyny sil basdy
TRT World Forum Stambulda Geçiriler
Antalýada gonuş wagty ýolagçy uçaryň hereketlendirijisi ýandy
Türk dokmental film festiwalyna 9 ýurtdan 300 ýüztutma geldi
Grek sebitinde ýangyn howpy
Ýaponiýanyň Kýusýu adasynda ýer titredi: köçelerde ýolyşyklar yrandy