Aşgabat öz TOPH kynçylyklaryny ABŞ sanksiýalary bilen baglamaga 'çalyşýar'

Aşgabat öz TOPH kynçylyklaryny ABŞ sanksiýalary bilen baglamaga 'çalyşýar'

Türkmenistan ABŞ-dan Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylaryna garşy gizizilen sanksiýalary gowşatmagyny haýyş edýär.Bu haýyş Aşgabadyň TOPH geçirijisini gurmagynyň öňünde duran dürli kynçylyklar, şol sanda maliýe kynçylygy bilen bagly.

Emma türkmen häkimiýetleri bu kynçylyklary açyk boýun almaýarlar we indi bu taslamanyň başa barmazlygynyň esasy sebäbi "Talyban" hökümetine garşy girizilen sanksiýalar bilen baglanyşdyryljak bolýana çalym edýär. Şeýle-de, bilermen munuň gaz reklamsy bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

TOPH turba geçirijisi kompaniýasy Ltd konsorsiumynyň baş müdiri Muhammetmyrat Amanowyň Aşgabatda saparda bolan pakistan wekillerine aýtmagyna görä, Owganystana garşy girizilen sanksiýalar gowşadylsa, bu Kabulyň TOPH gaz geçirijisi taslamasyny maliýeleşdirmegine kömek eder.

Pakistanyň “Business Recorder” neşiri bu habary ýurduň nebit sekretaryna ýakyn durýan öz çeşmelerine salgylanyp çap etdi.

Pakistanly wekiller Aşgabatda 25-27-nji oktýabrda geçirilen halkara nebit-gaz maslahatyna we sergisine gatnaşmaga geldiler.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty adatça bu hili maslahatlarda gazanylandygy aýdylýan uly üstünlikler barada maglumat berip, ýurduň nebit-gaz pudagyndaky çylşyrymly ýagdaýlar, TOPH taslamasynyň öňünde durýan anyk kynçylyklar, olaryň aradan aýrylmagy üçin görülmeli anyk çäreler, bu taslamanyň ýagdaýynyň hakykatda nähilidigi barada hiç bir zat aýtmaýar.

Şu aralykda Eurasianet.org neşiriniň ýazmagyna görä, TOPH taslamasy Waşington we Günbatar üçin bir topar kynçylyk döredýär we ABŞ resmileri indi ol barada kän gürrüň etmeýärler.

Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça tanymal bilermen Brýus Panniýeriň pikirine görä, Aşgabat bu taslama baradaky gürrüňleri diňe özüniň gaz reklamasy üçin ulanýana çalym edýär.

Onuň pikiriçe, ýurduň agyr adam hukuklary ýagdaýyndan başga, Owganystanyň içindäki howpsuzlyk ýagdaýy bilen bilelikde, TOPH geçirijisiniň gurulmagyna böwet bolýan örän kän kynçylyk bar.

“Bu ýerde gaty kän kynçylyk bar. Hatda türkmen hökümeti ABŞ hökümetini sanksiýalary gowşatmaga yran ýagdaýynda hem, ol ýerde şindem logistika we howpsuzlyk meselesi saklanyp galýar. Sebäbi “Talyban” şindem Owganystanyň kanuny hökümeti diýlip ykrar edilmeýär. Şeýle-de, Owganystanyň bu taslamanyň ýurt içindäki gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin serişde tapmagy örän uly problema bolup durýar.”

Ikinji tarapdan, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň öňünde duran beýleki bir topar kynçylyk hakynda açyk gürrüň etmän, Aşgabadyň birden Owganystanyň garşysyna girizilen sanksiýalary dile getirmegi hem sorag döredýär.

TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi häzir bir topar sebäbe görä mümkin bolup görünmeýär. Türkmen resmileriniň bu temany, mümkin bolan gaz eksporty üçin amerikan resmileriniň sanksiýalary gowşatmagy baradaky meseläni gozgamagy reklama bolup görünýär diýip, Panniýe pikir edýär.

“Bi bir wagyz, reklama. Adamlara Türkmenistanda gazyň bardygyny ýatlatmak üçin edilýän reklama. Eger bu ýerde geçiriji bolsa, belki-de hökman TOPH hem däl, eger-de geçiriji bolsa, Türkmenistan gaz üpjünçisi bolup biljek” diýip, bilermen munuň söwdalaşmak üçin edilýän gürrüň bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.

Mundan başga, Panniýeriň pikiriçe, ykdysadyýetinde esasan diňe gaz eksportyna daýanýan Türkmenistanyň özüniň hem şindi örän uly ykdysady kynçylyklary bar, Aşgabadyň täze gaz söwdasy ýollaryny gözlemegi hem hut şu ýagdaý bilen bagly, Hytaýa iberilýän gaz ýeterlik däl, Russiýa bolsa indiden beýläk 5 milliard kub metrden artyk türkmen gazyny alyp biljege meňzemeýär.

Şeýle-de, Panniýer Türkmenistanyň häzirlikçe iň gowy görünýän mümkinçiliginiň Hazarüsti geçirijisi taslamasy bolup durýandygyny aýtdy.

Bu ýerde köp mesele Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň netijesine bagly, eger uruşda ýeňilse, Moskwa Hazarüsti taslamasyna öňküsi ýaly kän päsgel berip bilmez diýip, ekspert pikir edýär.

“Meniň pikirimçe, köp zat Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň netijelerine bagly. Eger-de Russiýa ýakyn wagtda bu uruşda asgyn bolup çyksa, Türkmenistanyň Hazarüsti geçirijisini gurmak mümkiçiligi has ýokary bolar.”

Ýöne bilermen, golaýda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň hem ýatladyşy ýaly, Türkmenistanyň bu taslamanyň maliýeleşdirilmegi meselesinde öz sözüni aýdyp, onuň yzynda durup bilmegi gerek diýip, ekspert pikir edýär.

Şu aralykda Türkmenistanyň Owganystanda bellän täze baş konsuly Hawaja Abadow “Talyban” hökümetiniň wekili Amir Han Muttakä ynanç hatyny gowşurdy.

Owgan metbugatynyň ýazmagyna görä, Muttaki Owganystanyň Türkmenistandan gaz we elektrik toguny geçirjek geçirijileriň gurluşygyna başlamaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmen konsuly Aşgabadyň bu taslamalary durmuşa geçirmegiň dürli ýollarynyň üstünde işleýändigini aýtdy we owgan ýolbaşçylarynyň ýakyn wagtda Aşgabada sapar etmegine umyt bildirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

TOPH taslamasynyň çäginde Hyratda amaly işe girişmek meýilleşdirilýär
Kabulda TOPH taslamasynyň Owganystandaky böleginiň gurluşygynyň başlamagy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Türkmenistanlylara Russiýa syýahat etmek üçin elektron wiza berler
Aşgabatdaky City Business School mowzuklaýyn işewürlik ertirligini guraýar
Hökümet suwsuz kösenýän paýtagty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin täze desga gurmakçy