Türkmen mediasyna görä, geçen hepde Aşgabatda türkmen filmleriniň hepdeligi geçirildi. Bu çäräni Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi gurapdyr. Şeýle-de, kinofestiwalyň çäginde 10 16-njy maý aralygynda Aşgabadyň “Watan”, “Türkmenistan” we “Aşgabat” kinoteatrlarynda käbir türkmen filmleriniň görkezilişi bolupdyr.
Bu makalada aşakdaky çeşmelerden peýdalanyldy:
Şeýle-de, programmanyň dowamynda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň türkmen kinosynyň sepgitleri barada aýdan ekspert synyna salgylanylýar.
Türkmenistanda tas 100 ýyla golaýlap barýan kinematografiýanyň üzlem-saplam, çarkandakly taryhynyň haýsy döwründen gürrüňe başlasaň, başlabermeli! Ýöne sözümiz gury bolmaz ýaly, ilkibaşda, türkmen kino dünýäsine gymmatly eserleri bagş eden Hojaguly Narlyýewiň “Mankurt” kinosy bilen söze girişmek has maksada laýyk bolar. Sebäbi “Mankurt” aň gulçulygyndan, meşhur adalga bilen aýdylanda “beýin ýuwmakdan” söz açýar.
Gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň “Asyrdan-da uzaga çeker gün” romanynyň esasynda belli türkmen režissýory Hojaguly Narlyýewiň 1990-njy ýyllaryň başlarynda döreden “Mankurt” çeper filmi sowet ideologiýasynyň külpetinden yza çeken türkmen aňynda öçmejek yz galdyrdy. Muny ýokardaky çeşmeleriň köpüsi tassyklaýar.
Kellelerine düýe derisi saralyp zulum-sütem astynda gula öwrülýän uruş tussaglaryna mankurt diýilýän ekeni. “Mankurt” öz şahsyýetini, gelip çykyşyny, öz kowmuny , hatda öz adyny hem ýatdan çykarýar.
Aýtmatowyň hut özi bu romanyň esasynda çeper film surata düşürilmegini Narlyýewe teklip edipdir.
Çeper filmde watan üçin söweşe çykan Ýolaman duşmana ýesir düşýär.Duşman Ýolamany gynaýar, onuň kellesine düýäniň derisini oraýar, zulum-sütem bilen ony mankurta öwürýär. Ýolaman gula öwrülýär, onuň akyl-huşy, paýhasy, geçmiş ýatlamalary tümlükde gark bolýar.
Ol özüniň kimdigini şeýle bir ýatdan çykarýar welin, hatda ony ýesirlikden halas etmäge synanyşan öz ejesine kast edýär.Kinofilmde aň gulçulygy, geçmişiň adam aňyndan köki-damary bilen sogrulmagy we munuň ýol açýan tragediýasy çeperçilik bilen beýan edilýär.
Filmde mankurtlaşýan Ýolamanyň mysaly geçmişini unudýan (unutdyrylýan) halklaryň takdyryna düşünmäge esas döredýär.Hatda daglary lerzana getirýän ene söýgüsi hem “beýnisi ýuwulan” ogluny yzyna gaýtaryp bilmeýär.
Häzirlikçe “Mankurt” çeper filmi Hojaguly Narlyýewiň Türkmenistanda döreden iň soňky kinosydyr. “Mankurt” filminde rollarda beýleki aktýorlar we aktrisalar bilen bir hatarda Taryk Tarjan, Ýylmaz Duru ýaly türk aktýorlary, şeýle-de türkmen kino ýyldyzlaryndan Maýagözel Aýmedowa we Hojaguly Narlyýewiň özi oýnaýar.
Kinofilm Türkmenistanda gadagan edilýär. 90-njy ýyllaryň ahyrynda režissýor ýurdy terk etmeli bolýar. 90-njy ýyllarda başga-da birnäçe türkmen kinoçylary ýurtdan çykmaga mejbur bolýar.
Türkmen kinosy 90-njy ýyllaryň ahyrynda ösüşini bes edýär.Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň işini çäklendirýär. 2003-nji ýylyň dekabrynda “Türkmenfilm” telewideniýe bilen birikdirilýär.Kinoçylar maliýe we syýasy goldawdan mahrum bolýar.
Türkmenistanda diňe milli däp-dessurlary we milli medeniýeti öňe sürmek syýasaty 1990-njy ýyllaryň aýaklarynda we 2000-nji ýyllaryň başlarynda opera we balet teatrlarynyň ýapylmagy bilen bir hatarda kino sungatynyň hem öňüni baglaýar.
Ýöne hatda 1990-njy ýyllarda hem türkmen kino industriýasy entek diridi. Kinoçylar dürli mazmundaky we formadaky eserleri tomaşaçylara hödürleýärdi.
Meselem, 1993-nji ýylda Eduard Rejepowyň režissýorlygynda “Tentek” tragikomediýasy döredildi.Bu film köp tomaşaçynyň söýgüsini gazandy.Jeren Durdyýewa, Artyk Jallyýew we Ýagşymyrat Akyýew ýaly artistler “Tentekde” surata düşdi. 1993-nji ýylda “Zäherlenen söýgi”, “Takdyr”, 1994-nji ýylda Osman Saparowyň “Garagum” filmi, 1995-nji ýylda Baýram Abdullaýew bilen Lora Stepanskaýanyň “Ýandym” filmi, 1996-njy ýylda Halmämmet Kakabaýewiň “Toba” filmi, 1997-nji ýylda Myrat Alyýewiň “Ýer titremesindäki çagalar”, 1992-nji ýylda Bülbül Mämedowyň “Ýaşlygymyň dessany” çeper filmi, 1995-nji ýylda “Arçaly adam” filmi, 1995-nji ýylda Artyk Jallyýewiň, Jeren Durdyýewanyň we Kerim Annanowyň rol alan “Küştçi”, 1996-njy ýylda Sergeý Şugarewiň “Ham-hyýal”, 1999-njy ýylda Kerim Annanowyň “Rowaýat” atly kinofilmleri döredildi.
Myrat Alyýewiň “Ýer titremesindäki çagalar” filmi Aşgabatda 1948-nji ýylda bolan gyrgynçylykly ýertitremäniň şol döwürler ýerli häkimiýetler tarapyndan ýaşyryn saklanan hakyky gerimini, agyr ýitgini we aýylgançlygy açyp görkezýär. Bu kino ýurtda gadagan edilýär, Alyýew öz ýurdundan gaçmaly bolýar.
“Arçaly adamda” egninde arça biten Pürliniň tutuş ömrüni şol arça bagş edişi, ony guratmazlyk üçin jan edişi görkezilýär. Pürli egnindäki arça agajynyň ösüp, boý almagy üçin özüni topraga diri jaýlaýar. Filmde tabynlyk terbiýesi açylyp görkezilýär.
“Ýandym” Sibirden dolanan Sadyk we onuň sürgünden soňky durmuşy, sazlaşyk gözlegleri barada gürrüň berýär.Ol sürgünden obasyna dolanan güni jynaza çäresiniň üstünden barýar.Gurban mugallym aradan çykypdyr. Ýöne kinonyň esasy maňzy stalinçiligiň pidasy, syýasy repressiýa, onuň ýol açýan netijeleri, kolhoz gurluşygy döwründe adam durmuşynyň äsgerilmezligi we adam satmak ýaly geçen döwrüň ozal açylmadyk temalary aç-açan beýan edilýär.
Kinoda obalarda ýöredilen sowet propagandasy, onuň täsirsizligi hem ýaňzydylýar, şol bir wagtyň özünde kinofilmde dutar, alabaý, çöl, çopançylyk, gara öý ýaly ýerli elementler tomaşaçynyň ünsüni çekmezden aňlara hödürlenýär.Kinofilmiň adyndan hem belli bolşy ýaly takdyr Sadyga onçakly sazlaşyk eçilip durmaýar.
“Rowaýat”, belki-de, türkmen kinosynyň gysylyp başlanmagynyň edil öň ýany, ýa-da gysyşlygyň fonunda düşürilen iň soňky kino bolandyr.
Baba Annanowyň senariýasynyň esasynda Kerim Annanowyň döreden “Rowaýaty” näbelli giňişlikde, aýdylmaýan döwürde, ady aýdylmaýan gadymy adamlaryň 'düýşde wada berilen' bir mesgen gözleginde çeken jebirleri görkezilýär. Çeper filmiň başynda ata, onuň ýedi ogly we bir gyzy görkezilýär.
Ata ýedi oglunyň alamançylyga gitmegine nägilelik bildirýär.Olar bir oduň töwereginde täsin bir ritual ýerine ýetirenden soňra, gylyçlaryny deňze oklap, "gan dökülmedik päkize ýer" gözleginde ýola düşýärler.Az ýöräp, köp ýöräp, bir akaryň kenaryna barýarlar we şol ýeri mesgen edinýärler.
Daglygyň içinde başga-da bir iri taýpa mesgen tutunmak üçin ýer gözläp ýören ekeni.Kinofilmde başdan soňa adam tebigatynyň territorial instinktleri, adamyň territoriýa bolan gatnaşygy açylyp görkezilýär.Kinofilmde ölüm, towuş sahnalary bar, şeýle-de täsin rituallar görkezilýär, wagtal-wagtal gopuz, tüýdük sesleri eşitdirilýär. “Rowaýat” Nury Halmamedowyň sazlary bilen bezelipdir. 1999-njy ýylda goýberilen kinofilmde Kerim Annanowyň özi, Hojadurdy Narlyýew, Töre Annaberdiýew dagylar sahna alýar. “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň düşüren “Rowaýat” filmi Türkmenistanda 35 mm formatda düşürilen iň soňky kino bolupdyr. Ýöne “Rowaýat” tomaşaçylaryň arasynda onçakly goldaw tapmandyr.
Belki-de bu ýagdaýa senzuranyň 'gözüne düşmezlik' üçin, ýa-da islendik syýasy motiwden gaça durmak üçin senariýanyň juda sadalaşdyrylmagy, onuň pudalmagy ýa-da çäklendirilmegi sebäp bolandyr. Ýöne barybir 90-njy ýyllaryň ahyrynda türkmen kino industriýasynyň jylawy çekildi.
1996-njy ýylda Halmämmet Kakabaýewiň döreden “Tobasy” şäherli bilen obalynyň, täzeçillik bilen köneçiligiň, modernizm bilen däp-dessurçylygyň arasyny açyp görkezýär. Kinotankytçylaryna görä, bu film Nyýazowyň şol döwürler geçmişi gaýtarmak, däp-dessurlara dolanmak syýasatyny belli bir derejede goldaýardy.
90-njy ýyllaryň türkmen kinolary Sowet Soýuzynyň dargaýan wagtlaryna gabat geldi. Eýsem, türkmen kinoçylary yzda galan bir döwrüň hakyky şertlerini syýasy we sosial şertleri, medeni çäklendirmeleri aç-açan açyp görkezmäge synanyşdymy. Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, türkmen kino sungatynyň ösüş ýoly barada birnäçe makalalaryň awtory Hudaýberdi Hally bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:
“Hakykatdan-da, Gorbaçýewiň getiren “perestroýka” döwründe, aç-açanlyk ýa-da aýdyňlyk döwründe birnäçe gowy pikirler aýdyldy. Şol pikirler öňki pikirlerden tapawutlydy.Owaly bilen şony bellemek gerek.Kino sungatynyň mazmuny-da, hili-de belli derejede üýtgedi, 90-njy ýyllarda.
Meselem, “Tentek” filmini alsak, film Atajan Taganyň senariýasy esasynda döredilen.Göz öňünde tutulýan ýagdaý adamy güldürmek, şatlandyrmak bilen baglanyşykly. Ýöne şonuň bilen birlikde, şol döwürdäki sowet ideologiýasynyň alyp baran syýasatyna-da degilýärdi. Ýöne, meselem, Abuladzäniň “Toba” filmi ýaly açykdan-açyk beýan edilýän ýagdaý ýokdy, ýöne gytaklaýyn aýdylýardy. Ýa-da Hojaguly Narlyýewiň döreden “Mankurt” filmi-de şeýle boldy.
Ony Türkmenistanda görkezmek islemediler. Ýöne ol halkara konkurslarynda gowy baýraklar aldy, oňat at-abraý aldy. Şolar ýaly filmler boldy. Ýa-da häzirki Azatlyk Radiosynyň türkmen redaksiýasynyň düýbüni tutan žurnalistleriniň biri, baýry žurnalist Aman Berdimyradow hem onuň agasy Gurt Berdimyradow barada dokumental film surata düşürildi, Baýram Abdyllaýewiň senariýasy esasynda. Şonda uruş ýyllarynda ýurtdan daşarda galan adamlara “halk duşmany” diýilýäniň nädogry ideologiýadygyny aýdyp bildiler.
Ine, şeýleräk garaýyşlar boldy. Ýöne bu meselä beýle bir çuň girişip bilmediler.Nähili-de bolsa, 90-njy ýyllaryň başlarynda şol meseleler täze ugurly türkmen filmlerinde öz beýanyny azda-kände tapyp bildi” diýip, ýazyjy gürrüň berdi.
Alty Garlyýew, Bulat Mansurow, Hojaguly Narlyýew we Baba Annanow ýaly türkmen kino sungatynyň ägirtleriniň ählisi döredijiligi çäklendirmekde tanalýan sowet mekdebinde ýetişdiler, ýöne olar örän gymmatly eserleri dünýä peşgeş berdiler.
Türkmen kino sahnasynyň arhitektorlarynyň käbirleri, şeýle-de öňdebaryjy türkmen kinoçylarynyň aglabasy öňki Bütinsoýuz kinematografiýa institutyny tamamlapdyrlar. Öňki sowet giňişligine ägirt kinoçylary peşgeş beren bu institut häzir Gerasimow adyndaky Bütinrussiýa kinematografiýa instituty atlandyrylýar.
Ýöne sowetler döwründe kino industriýasy esasan propaganda guraly hökmünde ulanylypdyr.Has irki döwürlere, kino önümçiliginiň Türkmenistana ilkibaşda aýak basan döwürlerine dolansak, 1920-nji ýyllaryň ortalarynda Aşgabat “kinofabrikasynyň” düýbi tutuldy.
Türkmen kinematografiýasy beýleki sowet ýurtlarynda bolşy ýaly ilkibaşda kinohronikalar bilen başlady.Aşgabatda 1925-nji ýylda “TSSR-iň yglan edilmegi” atly ilkinji türkmen dokumental filmi Leningrad kinostudiýasynyň kameraçylary tarapyndan surata düşürildi. Şondan bir ýyl soň, 1926-njy ýylda şol wagt Poltarsk atlandyrylan Aşgabatda “kinofabrika” açyldy.
Bu gurama soňy bilen “Türkmenfilm” kinostudiýasyna öwrüldi.
“Merkezi Aziýada kino: Medeni taryhy gaýtadan ýazmak” atly ylmy kitabyň türkmen kinosyna bagyşlanan bölüminiň awtory Swetlana Slapkeniň maglumatlaryna görä, ilkinji türkmen dokumental filmeleri agitasiýa äheňli bolup, “sowetlerde saýlawlar”, “oktýabr rewolýusiýasynyň 10 ýyllygy”, “sowatsyzlygyň ýok edilmegi”, aýal-gyzlaryň “emansipasiýasy” ýaly temalary öz içine alýardy.
“Propaganda we ideologik meýiller türkmenleriň irki eserleriniň, hususan-da dokumental filmleriň tapawutlandyryjy aýratynlygy boldy” diýip, Slapke ýazýar.
1929-njy ýylda “Ak altyn” atly ilkinji doly hronometražly dokumental film döredildi. Bu film sowetleriň Türkmenistanda kollektiwleşdirme syýasaty barada gürrüň berýär.
1930-njy ýyllarda Wladimir Lawrow, Jawanşir Mämmedow, Nikolaý Kopysow, Juma Nepesow, Şadurdy Annaýew ýaly režissýorlar we operatorlar türkmen dokumental kinosynyň düýbüni tutdular.
Oraz Täçnazarowyň “Batrak” atly poemasy esasynda 1935-nji ýylda döredilen “Men gaýdyp gelerin” atly çeper film türkmen tomaşaçylarynda ýiti täsir galdyrdy.Sebäbi bu film türkmenleriň durmuşynda olaryň öz durmuşy barada surata düşürilen ilkinji kino boldy diýip, Slapke aýdýar.
Bu kinoda görnükli türkmen aktýory, dramaturg, teatr we kino režissýory Alty Garlyýew partiýaly adamyň keşbini döretdi. Ýeri gelende aýtsak, Alty Garlyýew türkmen kino sungatynyň arhitektorlarynyň biridir.Mundan ozal, “Türkmenfilm” kinostudiýasy Alty Garlyýewiň adyny göterýärdi.
Häzir ol Oguz hanyň adyny göterýär.Oguz hanyň kino sungaty bilen ilteşigi barada hiç hili taryhy fakt ýok.
Garlyýew 20 ýaşynda, 1929-njy ýylda Aşgabadyň milli studiýasynda tälim alýar, soňra 1931-nji ýylda Baku teatr kolležiniň režissýorçylyk bölümini tamamlaýar. “Aýgytly ädim”, “Magtymguly”, “Uzakdaky gelinlik”, “Dursun”, “Mukamyň syrlary” ýaly işlerde Alty Garlyýewiň goly bar. Ol bu filmeleriň döredilmeginde ýa režissýor, ýa aktýor, ýa senarist hökmünde orun aldy. Garlyýewiň başga-da onlarça kinosy, teatr işi bar.
“Dursuny” 1940-njy ýylda Aşgabatda Ýewgeniý Iwanow-Barkow döretdi.Dursunyň keşbini Nina Alisowa, Dursunyň adamsy Nurynyň keşbini Alty Garlyýew döretdi. “Dursun” atly kinofilm täzeçil, ýaş komsomol dursun bilen onuň köneçil adamsy Nury barada, täzeçillik bilen köneçilligiň çaknyşygy barada.
Kino düşürilenden soň, rus aktrisasy Nina Alisowa Dursunyň keşbini döretmek üçin özüniň türkmen obalarynda ençeme gün ýaşandygyny we ilat arasynda Dursunyň bir topar prototipine duş gelendigini gürrüň beripdir.
Türkmen kinosynda, umuman, gyz-gelinleriň jemgyýetdäki orny barada üstünlikli eserler başga-da az däl. Meselem, Hojaguly Narlyýewiň 1972-nji ýylda döreden “Gelin” çeper filmi bu ugurda döredilen iň üstünlikli eserleriň biri hasaplanýar. Narlyýewiň “Gelin” filmi halkara baýraklara, şol sanda Sowet Soýuzynyň iň ýokary baýraklaryna mynasyp boldy.
II Jahan urşy ýyllarynda Kiýew kinostudiýasy Aşgabada göçürildi we türkmen-ukrain kinoçylary bilelikde işledi. 1948-nji ýylyň ýer titremesinde ýer bilen ýegsan bolan studiýa 50-nji ýyllarda täzeden aýaga galdy. 50-nji ýyllaryň ortalarynda “Çopan ogly”, “Aşyr aganyň hötçetligi” ýaly çeper filmler döredildi. 1957-nji ýylda Alty Garlyýew “Aýgytly ädimi” döretdi.
60-nji ýyllaryň maýylganlyk döwründe Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestiniň esasynda 1963-nji ýylda “Ýaryş” atly ak-gara film döredildi. Bu Bulat Mansurowyň diplom işidir. Hojaguly Narlyýew “Ýaryşyň” kameraçysydyr. Filmde Nury Halmammedowyň sazlary ulanyldy. “Ýaryş” hem halkara üns çekdi.
Biz Dünýä Türkmenleriniň türkmen dünýäsine bagyşlanjak öňümizdäki sanlarynda bu tema boýunça gürrüňe dowam ederis!
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.