AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ WE HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÝAÝRADYLDY

AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ WE HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÝAÝRADYLDY

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle-de bu maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýminň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norow hem-de ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule wideoýüzlenmeler bilen çykyş etdiler.

«Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti» atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat jemleýji resminamasy kabul edildi.

Aşgabat jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy
Odre Azule ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy
ÝUNESKO: zeminiň her onunjy ýaşaýjysy okap-ýazyp bilmeýär
ÝUNESKO: on adamdan biri sowatsyz
Angela Merkel Parahatçylyk baýragyna mynasyp görüldi
ÝUNESKO: 244 mln çaga 1-nji sentýabrda mekdebe baryp bilmedi
Türkmen ilçisi ÝUNESKO-nyň Baş direktoryna ynanç hatyny gowşurdy