Aşgabat jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy

Aşgabat jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti atly halkara maslahaty üstünlikli geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.

Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle-de bu maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýminň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norow hem-de ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odre Azule wideoýüzlenmeler bilen çykyş etdiler.

Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça Aşgabat jemleýji resminamasy kabul edildi.Aşgabat jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Rabat şäheri Bütindünýä kitap paýtagty saýlandy
Jemgyýetiň ösüşine medeniýetiň goşandy
Ýene on ýyldan dünýäde suw ýetmezçiligi dörär diýlip çaklanylýar
AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASY BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ WE HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE ÝAÝRADYLDY
Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy
Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy