Aşgabat ilkinji It gözelligi bäsleşigine taýýarlanýar

Aşgabat ilkinji It gözelligi bäsleşigine taýýarlanýar

Türkmenistan ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramçylygyny we it gözelligi ýaryşyny geçirmäge taýýarlanýar.

Bu baýramçylyk Türkmen bedewiniň baýramy bilen bilelikde, apreliň soňky ýekşenbesinde bellener we onuň çäginde itleriň degişli päsgelçiliklerden geçmekleri boýunça hem ýaryş guralar.

TDH 25-nji ýanwarda döwlet baştutanynyň Aşgabada iş saparyny edip, "alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen" gyzyklanandygyny habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň awgustynda hem paýtagtdaky "möhüm desgalaryň" gurluşygynyň barşy bilen tanşyp, "alabaý itlerini ösdürmegiň köpasyrlyk däplerini dowam etmek" bilen gyzyklanypdy we TDH, adatça bolşy ýaly, gurluşyk tutumynyň örän uludan we giňden tutulandygyny, Ahal welaýatynda hem 30 ite niýetlenen Karantin merkeziniň guruljakdygyny, onuň çäginde ugurdaş we kömekçi desgalar toplumynyň boljakdygyny habar beripdi.

Alabaý baýramyna görülýän taýýarlyklara prezidentiň ministr ogly, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde wise-premýerler Şamuhammet Durdylyýew, Esenmyrat Orazgeldiýew, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew dagy hem gözegçilik eder, hökümet başlygy olara "alabaýlaryň şekilleri taýýarlananda milli ýörelgelerden ugur alynmalydygyny, olarda alabaýlara mahsus wepadarlygyň, edermenligiň öz beýanyny tapmalydygyny" ýatlatdy.

Döwlet baştutany alabaý itleri assosiasiýasy toplumynyň taslamalary, şol sanda it heýkelleriniň taslamalary we beýlekiler bilen tanşyp, anyklaşdyrmazdan, ýene bir gezek millilik meselesine ünsi çekdi we olaryň "milli binagärlik ýörelgelerine kybap gelmelidigini" nygtady.

Türkmenistan geçen ýylyň noýabrynda paýtagtda äpet it heýkelini dikip, dünýäniň köp habar serişdesine ýene bir gezek öz reallyklaryny ýatlatdy.

Altyn çaýylan it heýkelinden biraz öň, 2019-njy ýylyň sentýabrynda türkmenistanlylar prezidentiň türkmen alabaýyna bagyşlanan kitabyny we goşgusyny hem 'sowgat' aldy. Iti “Agramyna altyn berlen, Halal, türkmen alabaýy” diýip wasp edýän goşgy awtoryň okamagynda döwlet TW-sinde hem eşitdirildi.

Tankytçylar türkmen prezidentiniň we onuň oglunyň ýolbaşçylygyndaky it wagyzlarynyň bir tarapdan ýurtda on ýyldan gowrak bäri zalymlyk bilen ýok edilýän eýesiz itleriň we pişikleriň goragyna çykan, bu ýagdaý barada jandarlary goraýjylara yzygiderli habar beren aktiwistleriň sesini basmak, ikinji tarapdan, uludan tutulýan gurluşyklar arkaly "pul ýuwmak" üçin güýçlendirilendigini aýdýarlar.

Türkmenistan geçen ýyldaky Bedew baýramynda Britaniýadan 1,3 million dollar çemesi pula satyn alan 'ýumşak çägesini' çapuw ýodalaryna ýazyp, atlaryň arasynda gözellik bäsleşigini geçipdi.

Itleriň gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin ýörite eminler toparynyň dörediljegi, dabaranyň dowamynda heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň we zergärleriň alabaý itlerine bagyşlanan eserlerinden guralan serginiň açyljagy belli bolsa-da, Alabaý baýramçylygynyň döwlet gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi, ýa-da onuň üçin býujet işgärlerinden we studentlerden pul ýygnaljagy aýdylmaýar.

Gepiň gerdişine aýdylsa, geçen ýyldaky at baýramçylygy Lebap we Mary sebitlerinde gopan harasada gabat gelipdi we hökümet tebigy hadysadan uly zyýan çeken maşgalalara kömek goluny uzatmakdan geçen, başgalaryň berjek ýardamlaryna hem päsgelçilik döredipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

ALABAÝ TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYGYDYR
Heopsyň piramidasyna münen it ýere düşdi
Itim — gutum
Tilki we geçi
13.09.2019 | Milli Liderimiziň “Türkmen alabaýy” atly kitaby milli gymmatlyklary wagyz etmekde täze belentlikdir
Ite eýe çykan ýagşy adamlar barada hekaýat