Aşgabadyň etegindäki haýwanat bagyna baryp görenler onuň ýagdaýynyň örän gözgynydygyny, bu ýerdäki durmuş binalarynda suw üpjünçilkiginiň ýokdugyny we tutuşlygyna alanyňda sanitariýa-arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmeýändigini aýdýarlar.
Haýwanat bagy ýa-da häzir atlandyryşlary ýaly Janly tebigatyň milli muzeýi Gökdere diýen ýerde 2010-njy ýylda guruldy. Şonda resmi metbugat bu muzeýiň halkara standartlaryna laýyklykda enjamlaşdyrylandygyny habar beripdi.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmelereiniň bellemeklerine görä, haýwanat bagy minimum ýagdaýynda maliýeleşdirilýär we ony doly üpjünçiligikde saklamak ýolbaşçylaryň öz boýunlaryna ýüklenipdir.
Giriş biletiniň bahasy bary-ýogy 1 manada durýar.
Uly jandarlaryň saklanýan ýerlerindäki germewler, janawerleriň agram salmagy netijesinde, köp ýerde gowşapdyr, egrelipdir.
Zir-zibil gapyrjaklary dolup dur we uzak wagtdan bäri boşadylmandyr.
Käbir ýerlerde göni ýol üstünde sementli haltalar ýatyr. Belki-de haýwanat bagynyň işgärleri şeýdip ýagyş suwlaryny sowmak isländirler. Ýagyş indi köp wagt bäri ýaganok. Emma, haltalar şinden taşlanan ýerlerinde ýatyr.
Hajathanalar döwük, olarda suw diýen zat ýok.
Ozal şähere sanitar gulluklarynyň Aşgabatda öldüren eýesiz it-pişiklerini haýwanat bagynda saklanylýan wagşy haýwanlary naharlamak üçin iberýändikleri hakynda gep-gürrüňler ýaýrady. Emma, bu maglumaty tassyklatmak ýa inkär etdirmek başartmady.
Ýatladýarys, iki ýyl ozal ýurduň prezidenti bu haýwanat bagyna agtyklary bilen gelipdi.
1 of 12