Aşgabat Hasyl toýuna, Ilat ýazuwyna taýýarlanýar, twitter nesli öz 'göbegini kesýär'

Aşgabat  Hasyl toýuna, Ilat ýazuwyna taýýarlanýar,  twitter nesli öz 'göbegini kesýär'

Türkmenistandaky un, çörek we ýag meseleleri bilen uludan tutulýan hasyl toýlarynyň arasyndaky çaprazlyklaryň fonunda beýnisi bekän 20-35 ýaş aralygyndaky türkmenler ýa-da twitter nesli ýurtdaky toý kynçylyklary, öz öňlerinde durýan konserwatiw däpler hakynda indi birnäçe ýyl bäri pikir alyşýarlar.

Görnüşinden, daşary ýurtlarda galyp, ne ýurtdaky toý-ýasa gatnaşyp bilýän, ne öz toýuny islegine görä tutup bilýän ýaşlar, olaryň ýakynlary soňky onýyllyklarda gurlan toý mekanlarynyň gulak gapyjy şowhunlarynyň, täze belentliklere çykan toý bagşylarynyň gykylyk-galmagallary arasynda halk bähbitli çözgüt gözleýärler.

Emma türkmen häkimiýetleri öz tutýan uly hasyl we beýleki toýlaryny dabaralandyryp, türkmen ýaşlarynyň durmuş gurmak, maşgala bolmak aladalaryny görýäne meňzemeýär.Sosial mediada aýdylýan dürli pikirler emele gelen agyr ýagdaýa düşünýän ýa-da düşünmäge mejbur bolýan oglan-gyzlaryň barha köpelýändigini görkezýär.

Sebäbi, ýaşlaryň biriniň aýdyşy ýaly, daşary ýurtda işläp ýöreniň toý etmäge gurbaty çatsa-da, “1 litr ýagyň problema bolup duran” memleketinde toý etmek aňsat iş däl.

Twitter ulanyjy Moonna (@charymuradovnaa) aýtmyşlaýyn, “sada toy etselerem bolya vn shonam edenoklarda” diýilýän türkmenistanlylar, döwründe öz ene-atalarynyň pikirini etmedik zatlarynyň, belki-de, wagtynda baş galdyrman çylşyrymlaşdyran, uly bir sosial meselä öwrülmegine ýol beren meseleleriniň çözgüdini özara pikir alşyp, bilelikde tapmaga çalyşýarlar.

Bu olaryň, öňem bir akyldaryň aýdyşy ýaly, durmuş derýasyndan geçmek üçin, başga birleriniň däl, diňe özleriniň gurup biljek köprüsi bolup görünýär. Şunuň bilen baglylykda olar, näçe çekinseler-de, ýurduň şeýle ýagdaýynda hem “Artykmaç gorünjek bolyanlar” diýilýänler barada söz açman bilmeýärler.

Aýdaly, Burkaz Aganyň (@garagoyunly1) ýazmagyna görä, “türkmen halkymyzyň biri-birinden galmajak boluşlary gaharymy getirýär. Meselem: toý etmek. Gerekmejek zatlar moda bolýar onam ilden galman etjek boluşup bergä çümüşip ýörler. Güýjüň ýetýänini edäýdä”

Twitterçileriň biri geçen ýylyň tomsunda (gereksiz @bosbaklaska) “Durmuşa çyksam toy etmek yaly arzuwym yok. Yöne şutayda tanan govy adamlarymy bir yere toplamak üçin toy edip bilerin” diýip ýazdy.

Twitterçileriň käbiriniň “toý etmek ýerine dünýäni gezmek islegini” öňe sürmegi başga medeniýetlerdäki “bal aýynyň” ýa-da toýdan soň syýahata gitmek pikiriniň türkmen ýaşlaryny hem barha köp özüne çekýändigini yşarat edýär.

Bellemeli ýeri, türkmen ýaşlarynyň arasynda edilýän arzuwlaryň käbiri goňşularda, mysal üçin toýa azrak adam çagyryp, tygşytlanan puly täze maşgala ýa-da ýaş çatynjalaryň syýahat etmegine harçlamak, özbek ýaşlarynyň sosial media çekişmelerinden görnüşine görä, eýýäm täze bir däbe öwrülip barýar.

Twitter ulanyjylaryň arasynda “Toý etmek şertmi?” diýen ýaly, ozallar türkmen ýaşlarynyň asla kellesine gelmedik soraglary berýänler hem bar.

Elbetde, bu soraga “şert” diýýänler-de, “däl” diýýänler-de bar. Gyzykly ýeri, twitter döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugaty däl, ol ýerde, ýürek etseň we pikiriň, öz düşünişiň bar bolsa, dürli pikirleri aýdyp bolýar.

Mysal üçin, twitter ulanyjylaryň biri (Aladasyz@ukusyz) şeýle pikirde: "Gymmat toý etmek bolanok, twitterdäkiler halanok diýip herkin töweregine eşitdirsin. Özleri toýlara gatnaşyp bilmänsoň, tmde gowy owadan toý bolmagyny islänok, görüplikden däldir, aý bir 20-25 kişi bolup sowmaly edilendir.”

Ýuka ýürek™ @penaldinho bu döwürde bir gyzy, çykdajysy köp bolar diýip, toý etmän durmuş gurmaga yryp bilen erkegiň tapyljakdygyny sorag astyna alan hem bolsa (Bu zamanda bir kızı düğün yapmayalım masraf olur diye kandırabilen erkek varsa helal olsun valla;) derrew Merjen Saparovadan (@merjenas) degerli jogap alypdyr:

"Dine toy dal, gelinaljy we beyleki hemme dapleri hem edemzok, dine zagsdan gecip yashap bashlayas diysen normalnyy gyzlaryn pochti hemmesi begenibem razy bolar.”

PiRaMiDanyň pikiriçe (@tmbarcelona20) “Durmuşyň, gün-güzeranyň özem sazlaýa toýy. Toý edilmänä galmaýa, ýöne çykdajyny näçe minumuma düşürip bolsa maşgala üçin uly peýda. Bolçulykda-da çykdajyny az etmeli welin, illerden galmajak bolýan düşünjämizem dek ýatanokda”.

Uly toý tutmakda ýaryşmak, artykmaç çykdajy etmek, bergä batyp, soň kösenmek islemeýän ýaşlar, Türkmenistanda soňky ýyllarda emele gelen agyr ykdysady ýagdaýy kän agzamasalar-da, pul bolsa öý-jaý edinmek, goş almak, ýa bal aýyna gitmek “täzeligini” öňe sürýärler.

Sahratekegyzy (@sahratekegyzy) “Mena pikirim ondenem seyle, oglan mana dimakada ozumem diyan nama gerek bos biderek masraf.Zagsdan gecyan, dini nikah edyan we bolany, yasawermeli.Gayta bolan puluna oyun bolsa icini zadyny etmeli, jayynam kemi yok gowy bolsa, onda bal ayani gitmeli”

Twitter ulanyjylaryň käbiriniň pikiriçe, toý etmek kynçylygy diňe çykdajy ýa uly toý tutmakda ýaryşmak bilen hem bagly däl.Olaryň käbiri “türkmençilikde seniň toýuň, öýlenmegiň ýa durmuş gurmagyň diňe seniň öz meseläň däl, her öňýeteniň meselesi bolup bilýär, adamlar bilip ýa bilmän saňa basyş edýär diýýär.

Onsoň, ýakynlaryň “boldy, wagtyň geldi” diýen geplerine çydamak, ýa-da öz içiňdäki “wagty geldi” duýduryşy hem konserwatiw jemgyýetde ýaşaýan ýaş adamlar, hususan-da gyz maşgala üçin uly meselä öwrülýär.

Netijede, başga birleriniň aýdan sözi üçin, “wagty geleni üçin”, sulhuň almaýan ýa-da ýalňyş hasaplaýan bir adamyňa durmuşa çykmalymy?

Bu soragy berýän twitterçi diňe 'A' harpyny aýdyp çäklenmeýär, 'B' harpyny hem aýdýar: Ýalňyş adam bilen durmuş guranyňdan hiç durmuş gurmadygyň has gowudyr diýýär.

Bu ýagdaýlar, hususan-da gyzlaryň berýän käbir soraglary türkmen ýigitleriniň käbirini öňräkden bäri alada goýýana meňzeýär we olaryň biri öňräkki ýyllarda şeýle twit ýazypdyr: (Azat Rahmanov@Azadik) "Öýlenmedik oglanlar ukyda. Gelýän maglumatlar haýyr däl. :D Istanbuldaky, makiýažsyz hem owadanlygy çowup duran türkmen gyzlary “toý etmek islemeýänler” jemgyýetini gurupdyrlar. Agza sany gün-günden köpelýär diýýärler.”

Şeýle-de, twitleri okasaň, türkmen ýigitleriniň gyzlaryň “kraska ulanmagyna” öňräkden bäri gyýa göz bilen garaýandygyny, ýagny başga bir adamyň bedenine gözegçilik etmek islegini dile getirmekden çekinmeýändigini görse bolýar.

Şol bir wagtda başgaça pikirlenýän gyzlary, toý etmek islemeýänleri ýa-da bu meselede howlugmaýanlary goldaýan twitterçiler hem bar.

Meseläniň ýurtdaky ykdysady kynçylyklardan, gazanç etmek mümkinçiliginiň az bolmagyndan başga bir tarapy bolsa, türkmen jemgyýetinde durmuş gurmagyň öňden gelýän ýoly we soňky çykan diýilýän ýoluň arasyndaky çaprazlyk bilen bagly bolup görünýär.

Şeýlelikde, twitterçileriň käbiri “Haýsysy?! 1. Öz halaşanyňa baryp/alyp, toý etmek. 2. Eneň-ataň saýlanyna baryp/alyp toý etmek/” diýip, sorasa-da, bu temadan pikirini aýdýanlar heniz o diýen köp däl ýaly.

Muňa derek, ýurtdaky toý derdiniň, bazar gatnaşyklarynyň çäginde has güýçlenýän, dürli taraplaryň bähbitlerini öz içine alýan toý basyşy’ diýilýäniň daşary ýurtlara çykan ýaşlaryň käbirini gaty alada goýýandygyny duýsa bolýar: “Bir gyz kursdaşym Tkm a gitjek dal diya, nam üçin dip sorasam, öy içeri gongşy golam hemmesi durmuşa haçan çykjak diyp güne goyanoklar diyyar. “Seryozna Tkm da hemman pikiri orta mekdebi gutaryp gutarmanka toy etmek, are barmak dine.

Hiç hili üstünlük, iş, gelejek plan yok“ diýip, twitterçileriň biri ýazýar.

Elbetde, toýy Parižde etmek, Amerikada etmek, Oraza aýynda gudaçylyga gelinmegi, sähet... barada gürrüň edýän, alada galýan twitterçiler hem, toý, köne däpler we artykmaç çykdajy çykarmak meslesinde, toý tutup ýaryşmak meslesinde diňe gyzlar tarapyny günäkärleýänler hem bar. Emma gyzlaryň käbiri, türkmendigine utanmasa-da, türkmenleriň köpüsini halamaýandygyny, olaryň köpüsiniň düşünjesiniň pesdigini, gözýetiminiň dardygyny, ahlakdan, etikadan bihabar adamlardygyny öňe sürýär.

Toý diýlende, türkmen ýaşlaryny alada goýýan soňky özgerişlikler, täze däpler we durmuş talaplary bilen bir hatarda, sowet döwründe ýoň bolan arak-şerap “derdi” hem yza çekilmeýän ýaly.

Ýatlatsak, ol döwürde toýlar, şaýat bolanlaryň gürrüň bermeklerine görä, esasan “pylanyň toýunda arak kän boldy, pylanyň toýunda azrak boldy” diýen gürrüňler edilýärdi, adam üýşürip, doglan gün bolsun ýa başga bir zat, adamlary arakdan doýurmazlyk “uly bir ar-namysa galmak” ýaly düşünje, duýgy bardy, soňabaka ýasdan soňam, “stresi basmak üçin” diýip, arak içýänler köpelipdi.

Garaşsyzlykdan soň köpelen metjitleriň ymamlary, täze dindar bolan adamlar başardyklaryndan, gorkarak hem bolsa” “araksyz toýlary” wagyz edýärdiler.

Bu mesele twitterde hem öz beýanyny tapypdyr, Gurtgeldi (@aatayevvg) beýleki bir twitterçä (@Suleyman_Akm) jogap berip, "Molla toy etmek gowy zada, araga berjek puluňa has köp nahar goy (hemme kişi mennyaky pikirlenmeyada yone gynanmaly yagday“ diýip jogap beripdir.

Türkmenleriň toý aladalary baradaky synymyzy Selenofil (@Selenofil111) atly twitterçiniň pikiri bilen dowam etdirsek, “Diñe krizis döwründe dâl, asyl gösteriş üçin uly toý etmek we geliniñ etaźly köýnek geýmegi gereksiz we görmemişlik” bolup durýar.

Selenofil, belki-de, öz twitinde “görmemişlik” diýip, görümsüzlik barada aýtjak bolandyr. Türkmen diliniň sözlüginde görümsiz sözi sypat hökmünde, “Görüm-görelde görmedik, degim degmedik, zat görmedik, açgöz” adam hökümnde düşündirilýär we Türkmenistanda diňe maşgalalarda tutulýan hususy toýlar däl, döwlet derejesinde bellenilýän çäreler hem, prezidentiň ýörite tabşyryklary boýunça, mümkin boldugyça uludan tutulýar.

Şu aralykda, türkmen häkimiýetleriniň nobatdaky hasyl toýy dabaralaryny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görýän wagtynda, twitter ulanyjylaryň käbiri toý aladalaryny bir gyra süýşürip, çagalyk döwürlerinden şu güne çenli saklanyp galan TW we durmuş reallyklary hakynda pikir alyşdy.

Azat Rahmanov @Azadik, “Çaga wagtym gijesi bilen çörege nobata durup her maşgala bellenen mukdarda alyp öýe gelerdik.Watan habarlarda bir milion tonna bugdaý ýygnalandygy hakynda propagandany diňläp ertirligimizi edinerdik.

Soňam mekdepde Türkmenbaşa kasam edip klasa girerdik” diýip ýazan twitterçi, belki, özi-de bilmän, döwrüň ýaşlaryň aňynda galdyran 'agyr yzyny' iň gysga görnüşde açyp görkezdi.

Turkmen DC @TurkmenDc bu twiti türkmençeden türkmençä terjime etmäge çalşypdyr: “Ýolbaşçylar entegem öz özlerini aldap ýör diýýärmiň?”

Azat Rahmanov @Azadik munuň bilen yalalşman: “Ýokla, bizi aldaýarlar...” diýip, gatyrak jogap beripdir.

Türkmenistanda geçiriljek ählumumy ilat ýazuwynyň öň ýanynda sosial mediada pikirini aýdan türkmenistanlylaryň käbiriniň toý we beýleki aladalaryna ýüzlenmek bilen, biz ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň, ýapyklygyň fonunda, türkmen ýaşlarynyň öz ata-baba däpleri we täze däpler esasynda, öz isleg-arzuwlaryna görä toý etmek, toý syýahatyna gitmek we ýurtlaryna dolanmak islegleriniň öňünde durýan dürli päsgelçilikleriň diňe käbirine seredip geçdik.

Ýöne ýurtdaky ýapyklyk, ynamdar statistika maglumatlarynyň edilmezligi zerarly, ýurtda 1990-njy ýyllardan bäri dowam edýän dürli kynçylyklaryň ýurduň demografik ösüşine ýetiren täsirleri barada anyk zat aýdyp bolmaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň Baş kanuny her bir adamyň pikir we söz azatlygyny kepillendirýär. Emma türkmenistanlylar öz ykdysady, medeni, durmuş kynçylyklary barada ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda açyk pikir alyşmakdan çekinýärler we köplenç anonimlik şertinde gürrüň etmäge çalyşýarlar. Bu ýagdaý, görnüşinden, ýaşlaryň öz meselelerini has giňden we açyk ara alyp maslahatlaşmagyna, has netijeli çözgüt gözlemegine uly zyýan berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda VPN gurup berýän ussalar tussag edilýär
“Çelsi” gol bolup ýagdy
Kuman: Barselona möwsümdäki iň gowy oýnuny görkezdi
Italýan hem rus toparlary tapgyry ýeňişsiz tamamladylar, iňlis klublary uly hasaply ýeňiş gazandylar
“Ýuwentus” öz meýdançasynda “Barselonany” kabul eder
Messiniň täze rekordlary, Luçesku iň ýaşuly tälimçi