Aşgabat — halkymyzyň ak bagty

Aşgabat — halkymyzyň ak bagty

Bedew batly ösüşlere beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň keşbi gün-günden özgerýär. Esasan hem, paýtagtymyz Aşgabat binagärlik we ekologik aýratynlyklary boýunça dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülýär. Ak mermere beslenen paýtagtymyzda dürli öwüşginli binalaryň, ymaratlaryň, desgalaryň milli ruhda gurulmagy türkmen halkynyň binagärlik ýörelgeleriniň asyrlara ýalkym saçýan gadymy kökleri bilen sazlaşmasydyr.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilip, türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi.Paýtagtymyz diňe bir ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejeli maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde uly abraýa eýedir.

BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hökmünde Aşgabadyň saýlanylyp alynmagy bolsa baş şäherimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterdi.Galyberse-de, gözelligiň taýsyz nusgasy bolan paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabynda hem orun alan şäherleriň biridir. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat iň ýokary derejede ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bu derejä eýe boldy. Şeýle-de paýtagtymyz bu abraýly kitapda ýer alan birnäçe binalara eýelik edýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynda Aşgabat şäherini ösdürmeklige ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garalýar.Gahryman Arkadagymyz şähergurluşygy bilen içgin gyzyklanyp, paýtagtymyzyň gurluşyk-binagärlik keşbiniň aýratynlyklaryny hem-de ösüş maksatnamasyny hemişe üns merkezinde saklaýar. Şonuň üçin hem täze açylan desgalaryň her biri owadanlygy, kaşaňlygy, özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň golaýda paýtagtymyza amala aşyran iş sapary hem-de gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär.Iş maslahatynyň çäklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimize Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän şekilleri görkezildi.

Bu taslamada guruljak kottej jaýlarda ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulmagy, döwrebap tehnologiýalaryň we nouhaularyň ornaşdyrylmagy bolsa halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň mynasyp dowamy bolar. Şeýle aýratynlyklar geçen ýyl ulanmaga berlen paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerindäki binalarda hem ornaşdyrylypdy.

Bu bolsa Aşgabadyň medeni-jemgyýetçilik aýratynlyklary bilen birlikde, ylmy we intellektual baýlyklaryň ähli alamatlaryny özünde jemleýän şäherdigini ýene bir ýola äşgär edýär.

Üstümizdäki 2021-nji Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany şygary astynda geçýän ýylymyz uly üstünliklere beslenýär, esasan hem, bu ýylda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram eder.Bu senäniň paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen gabat gelmegi bolsa şanly ýylymyzyň many-mazmunyny has-da artdyrýar.

Toý ruhundan paýly watandaşlarymyz bolsa bu goşa baýramçylyga öz zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.Goý, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi, ak şäherimiz Aşgabadyň has-da gözelleşmegi ugrunda döwletli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Maýagözel HOJABERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20137

Ýene degişli makalalar

Türkmen gimnastikaçylary halkara ýaryşda 29 medala eýe boldular
Türkmenistanyň 6 raýaty Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany we Arkadag medaly bilen sylaglandy
Daşary söwda strategiýasy: oýlanyşykly ädimler, oňyn netijeler
Türkmenistanyň maliýe ulgamynyň globallaşmagy
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Sanly ykdysadyýet — ösüşiň ygtybarly çeşmesi